Ilon Mask Twitteri 44 mlrd dollara satyn alýar

  • 26.04.2022 15:34
  • 6.8k+

Amerikaly telekeçi Ilon Mask Twitter kompaniýasyny 44 mlrd dollara satyn alýar. Şertnama baglaşylandygy barada PR Newswire portaly tarapyndan ýaýradylan Twitter metbugat-relizinde aýdylýar. Muny TASS ýetirýär.

“Twitter, Inc. şu gün doly derejede Ilon Maska degişli bolan kompaniýa tarapyndan, takmynan, 44 mlrd dollarlyk şertnamanyň çäginde her paýnama üçin 54,2 dollara satyn alynýandygy barada gutarnykly şertnama baglaşylandygyny mälim etdi” – diýlip, metbugat relizinde aýdylýar. Portalyň habar bermegine görä, şertnamadan soň Twitter jemgyýetçilik däl kompaniýa bolar.

“Twitteriň müdirler geňeşi baha, kepilliklere we maliýeleşdirmä aýratyn üns bermek bilen, Ilonyň teklibine baha bermek üçin oýlanyşykly we hemmetaraplaýyn iş alyp bardy” – diýip, portal Twitteriň müdirler geňeşiniň garaşsyz müdiri Bret Teýloryň sözlerini getirýär. Teýlor geljekki şertnamany kompaniýanyň paýdarlary üçin öňe tarap hereket etmegiň iň gowy ýoly diýip atlandyrdy.

Öň, Mask Twitteri jemgyýetçilik kompaniýasyndan jemgyýetçilik dälä öwürmek isleýändigini, şondan soň onuň paýnamamalaryny diňe hususy ýa-da biržadan daşary tertipde satyp ýa-da alyş-çalyş edip boljakdygyny aýtdy. 


20.06.2026 10:45
3.8k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

12.06.2026 13:09
9.5k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

10.05.2026 12:04
1.4k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....

27.04.2026 23:00
2.5k+

Kazyýet Maskyň OpenAI-a garşy talaplarynyň bir bölegini ret etdi, kazyýet işi dowam edýär

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasyna we onuň esaslandyryjylaryndan biri bolan Sem Altmana garşy bildiren "kezzapçylyk" aýyplamalaryny ret etdi, emma beýleki aýyplamalar boýunça derňew işleri dowam eder. Bu......