Makron Fransiýanyň prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy

  • 25.04.2022 08:13
  • 8k+

Fransiýanyň häzirki prezidenti Emmanuel Makron prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda 58,55 göterim ses aldy. Bu barada ýurduň Içeri işler ministrligi sesler ýüz göterim sanalandan soň habar berdi. Muny RIA Nowosti ýetirýär.

Makronyň bäsdeşi, “Milli birleşik” sagçy partiýasynyň lideri Marin Le Pen 41,45 göterim ses aldy. Ol ýeňlendigini boýun aldy, ýöne fransiýalylaryň öňündäki borçlaryny ýerine ýetirmegi dowam etdirjekdigine wada berdi. Hususan-da, Le Pen özüniň syýasy hereketiniň parlament saýlawlarynda uly göreşe başlajakdygyny aýtdy.
Ses berişlik ýerli wagt boýunça 20:00-da tamamlandy. Saýlawa gatnaşanlaryň sany 63,23 göterim boldy.
Fransiýanyň prezidenti bäş ýyl möhlet bilen saýlanýar. Ses berişlige 49 million töweregi raýat gatnaşyp bilýär. Birinji tapgyr 10-njy aprelde geçirildi we oňa 12 dalaşgär gatnaşdy. Şonda häzirki döwlet baştutany 27,84 göterim ses, “Milli birleşigiň” lideri 23,15 göterim ses aldy.
Fransiýanyň Konstitusion kazyýetiniň başlygy ses berişligiň netijelerini 27-nji aprelde resmi taýdan yglan eder. 


12.03.2026 11:32
2.4k+

Hose Antonio Kast Çiliniň prezidenti wezipesine girişdi

Hose Antonio Kast resmi taýdan Çiliniň prezidenti wezipesine girişdi. Walparaiso şäherindäki Kongres binasynda geçirilen kasam kabul ediş dabarasy Meganoticias teleýaýlymy arkaly göni efirde görkezildi. Täze prezident...

05.03.2026 05:58
5.8k+

Türkmenistanda saýlawçylar bilen dalaşgärleriň duşuşyklaryna badalga berildi

2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işleri işjeň dowam edýär. Häzirki wagtda ýurduň ähli künjeklerinde dalaşgärleriň we olaryň ynanylan wekilleriniň saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirilýär...

18.02.2026 17:02
2.6k+

Sanae Takaiti Ýaponiýanyň premýer-ministri wezipesine gaýtadan saýlandy

Ýaponiýanyň parlamentiniň ýokary palatasy Sanae Takaitini ýurduň 105-nji premýer-ministri hökmünde saýlady. NHK telekanalynyň berýän habaryna görä, ses berilişik hanym Takaitä ýeňiş üçin zerur bolan sesleriň takyk ýarysyny toplamak üçin bary-ýogy birje sesiň ýetmezçilik edendigi sebäpli iki tapgyrda geçirildi...

10.02.2026 09:22
1.7k+

Portugaliýanyň prezident saýlawlarynda sosialist Antoniu Žoze Seguru ýeňiş gazandy

Portugaliýanyň prezident saýlawlarynda Sosialistik partiýanyň kandidaty Antoniu Žoze Seguru ýeňiş gazandy. 8-nji fewralda geçirilen ses berilişigiň ikinji tapgyrynda Seguru ultrasagçy «Chega!» («Besdir!») partiýasyndan dalaşgär bolan Andre Wenturadan öňe saýlandy...