Putin Serdar Berdimuhamedowy dostluk hakynda Şertnamanyň 20 ýyllygy bilen gutlady

  • 24.04.2022 13:34
  • 22k+

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda Dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama gol çekilmegine 20 ýyl dolmagy mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatyny ýollady.

Wladimir Putin öz hatynda: «2002-nji ýylyň Şertnamasy Russiýanyň we Türkmenistanyň döwletara gatnaşyklarynyň häzirki döwürdäki tapgyrynyň başyny başlady. Bu möhüm resminama gol çekilmegi ikitaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan has-da ösdürmek hem-de köp ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek üçin şertleri döretdi. Bilelikdäki tagallalarymyz arkaly Russiýa — Türkmenistan strategik hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyny üpjün etjekdigimize ynanýaryn» diýip belledi we bu şanly waka mynasybetli iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.  


düýn 19:38
2.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......