Gyrgyzystanyň Daşary işler ministri wezipesinden aýryldy

  • 24.04.2022 01:10
  • 10k+

Başga işe geçýänligi sebäpli Gyrgyzystanyň Daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýewiň wezipesinden boşadylandygy baradaky permana respublikaynyň prezidenti Sadyr Japarowyň gol çekendigi hakynda döwlet baştutanynyň saýtynda goýlan habarda aýdylýar. 

Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysynyň wezipesini ýerine ýetiriji edip respublikanyň prezidentiniň ýolbaşçylygynyň daşary syýasat bölüminiň öňki müdiri Jeenbek Kulubaýew bellendi.
Kazakbaýew Gyrgyzystanyň daşary işler ministriniň wezipesini iki gezek  - 2010-2012 ýyllar aralygynda, soňra 2020-nji ýylyň 14-nji oktýabryndan bäri eýeledi. Ondan öň ol respublikanyň Daşary işler ministriniň orunbasary (2009), şeýle-de, Gyrgyzystanyň Stambuldaky baş konsuly (2004-2009) boldy.
Daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji bellenen Kulubaýew 2018-2021-nji  ýyllar aralygynda Gyrgyzystanyň Gazagystandaky ilçisiniň wezipesini eýeledi. Ondan öň ol respublikanyň Malaziýadaky (2007-2009), Hytaýdaky (2009-2013)ilçisi, Mongoliýadaky we şol bir wagtda Singapurdaky (rezidensiýasy Pekinde; 2010-2013) ilçisi boldy. 2013-2016-njy ýyllar aralygynda Daşary işler ministrliginiň Aziýa we Afrika departamentine ýolbaşçylyk etdi. 


05.06.2026 18:04
5.6k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

28.03.2026 23:25
12k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek öz milli walýutasyny çap edip başlady

Gyrgyzystan garaşsyzlyk ýyllaryndan bäri ilkinji gezek milli walýutasy bolan somy özbaşdak çap etmäge girişdi. Bu barada ýurduň prezidenti Sadyr Žaparow mälim etdi....

05.02.2026 22:58
3.2k+

Türkmenistan Bişkekdäki B5+1 forumynyň çäklerinde SpaceX bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

2026-njy ýylyň 4-5-nji fewralynda Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri M. Astanagulowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Bişkekde geçirilen ikinji B5+1 işewürlik forumyna gatnaşdy. Forum Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň döwlet edaralarynyň hem-de işewürlik toparlarynyň wekillerini ýygnady...

13.12.2025 01:06
2.8k+

Gyrgyzystanyň Prezidenti Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny durnukly ösüşiň netijeli binýady diýip atlandyrdy

Türkmenistan öz saýlap alan Bitaraplyk ýolunyň dogry we strategiki ähmiýetini subut etdi. Bitaraplyk derejesi içerki syýasy durnuklylygy, jemgyýetdäki ylalaşygy üpjün etdi we ýurduň yzygiderli ösüşi üçin berk binýady goýdy diýip, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow 12-nji dekabrda Aşgabatda geçirilen Halkara forumda çykyşynda aýtdy...