Maý aýynda Türkmenistanda köp sanly iri çäreler geçiriler

  • 24.04.2022 01:06
  • 17k+

Maý aýynda Türkmenistanda medeni çäreleriň we medeni-durmuş maksatly desgalaryň birnäçesiniň açylyş dabaralary geçiriler. Olaryň maksatnamasy barada 22-nji aprelde sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa hasabat berdi.  

Hususan-da, 2022-nji ýylyň şygary mynasybetli maý aýynda maslahatlar, döredijilik duşuşyklary, sergiler we beýleki mowzuklaýyn çäreler guralar. Höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň, dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň şäher we etrap tapgyrlary hem-de zehinli çagalaryň arasynda yglan edilen «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň welaýat we Aşgabat şäher tapgyrlary geçiriler.

Oraza baýramy, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni, Türkmen halysynyň baýramy, Aşgabat şäheriniň güni hem-de «Soňky jaň» dabarasy mynasybetli hem medeni çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Şeýle-de 12-13-nji maýda Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyny, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Aýyň soňky ongünlüginde ýurdumyzyň teatrlarynyň arasynda «Türkmen teatr sungaty» atly teatr festiwaly geçiriler. Söwda-senagat edarasynda «Ak şäherim Aşgabat» atly däp bolan köpugurly halkara sergi, haly we haly önümleriniň sergisi guralar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow meýilleşdirilen baýramçylyklara we halkara çärelere ýokary derejede taýýarlyk görmegiň zerurdygyna ünsi çekip, birnäçe anyk görkezmeleri berdi.


19.06.2026 10:10
3.3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.9k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......