Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň işi kämilleşdiriler

  • 24.04.2022 01:02
  • 6.9k+

Häzirki wagtda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny doly kuwwatynda işletmek, ony çig mal serişdeleri bilen üpjün etmek, tehnologik desgalaryň bökdençsiz işlemegini gazanmak bilen bagly işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, 22-nji aprelde geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer Ş.Abdrahmanow Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň düzüm gurluşynyň we Tertipnamasynyň rejelenen görnüşdäki taslamasyny döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda hereket edýän Tertipnama 2006-njy ýylda tassyklanyldy. 2021-nji ýylda nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna sanly ulgamy ornaşdyrmak hem-de maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Häzirki wagtda bu kärhananyň düzüm gurluşyny döwrebaplaşdyrmak zerur bolup durýar. Munuň bilen bagly toplumyň önümçilik desgalarynyň doly kuwwatynda işledilmegini üpjün etmek, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemegi artdyrmak, ýokary hilli nebit önümlerini öndürmek we olary dünýä bazarlaryna çykarmak maksady bilen, toplumyň önümçilik desgalarynyň kuwwatlyklaryny doly güýjünde işletmek zerurdyr.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmagyň, nebit önümleriniň halkara bazarlaryny içgin öwrenmegiň hem-de ygtybarly daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň zerurdygyny belläp, wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmek bilen baglanyşykly birnäçe anyk tabşyryklary berdi.


08.06.2026 19:01
4.5k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

13.03.2026 23:32
6.2k+

Türkmenistan «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrýar

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça çäreler hakyndaky Karara gol çekdi...

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...