Gwardiola «Mançester Siti» bilen iňlis klublarynyň arasynda rekord goýdy

  • 22.04.2022 14:17
  • 10k+

«Mançester Siti» futbol klubunyň baş tälimçisi Hosep Gwardiola iňlis klublarynyň arasynda 250 ýeňşi çalt gazanmak boýunça rekord goýdy we bu görkeziji boýunça portugaliýaly Žoze Mourinýudan öňe geçdi. Bu barada Opta statistika gullugy özüniň Twitterinde habar berýär. 

Çarşenbe güni “Mançester Siti” Angliýanyň çempionatynyň 30-njy tapgyrynda “Braýtony” 3:0 hasabynda utdy. Gwardiola üçin bu ýeňiş ähli ýaryşlarda “Sitiniň” tälimçisi hökmünde 344 oýunda 250-nji ýeňşi boldy. 

Mundan öň rekord Mourinýuwa degişlidi. Ol “Çelsä”, “Mançester Ýunaýtede” we “Tottenheme” tälimçi boldy. Ol 250 ýeňşi 396 oýunda gazandy. Üçünji orunda Kenni Dalgliş (429 oýun), dördünji orunda Arsen Wenger (433), bäşinji orunda Don Rewi (439) ýerleşýär. 


şu gün 09:11
317

FIFA 2029-njy ýyldaky Klublaýyn dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanyny 48 topara çenli artdyrmagy meýilleşdirýär

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) Ýewropa klublarynyň assosiasiýasy bilen bilelikde 2029-njy ýylda geçiriljek klublaryň arasyndaky dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanyny 32-den 48-e çenli artdyrmak......

düýn 23:41
3.1k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9.7k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
7.3k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......