Kairiň ilaty 25 milliona adama ýetdi

  • 21.04.2022 18:57
  • 8.4k+

Müsüriň paýtagty Kairiň ilaty 25 milliona ýetdi. Bu barada Kair welaýatynyň gubernatory Haled Abdel Al habar berdi.

“Kairiň ilatynyň sany 25 million bolup, bu hem ýerli ýaşaýjylary, hem patriantlary öz içine alýar” – diýip, “Al-Balýad” habarlar portaly gubernatoryň sözlerini getirýär.

Geografik taýdan paýtagt birbada iki welaýatyň – Kair bilen Gizanyň çäginde ýerleşýär. Her gün paýtagta, şol sanda goňşy etraplardan on müňlerçe adam işlemek üçin gelýär. Ýurduň iň gür ilatly sebiti bolan şäheriň indi ýaşaýjylaryň şeýle akymyna güýji ýetenok. Birnäçe kilometrlik ulag dyknyşyklary, daşky gurşawyň hapalanmagy, şeýle-de beýleki sosial-ykdysady meseleler Kairiň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Gubernatoryň aýtmagyna görä, şeýle köp ilat wezipeli adamlara-da agyr ýük berýär.
Şeýle şertlerde Kairden 25 km uzaklykda, çölde eýýäm birnäçe ýyl bäri heniz resmi ady almadyk täze administratiw paýtagt gurulýar. Ol ýere hökümet we köp sanly döwlet edaralary, şeýle-de daşary ýurtlaryň ilçihanalary göçüriler.
Häzirki wagtda Müsüriň ilaty 104 million adam.


04.06.2026 11:11
3.1k+

Angliýada tapylan gadymy Müsür gaby sürme çüýşejigi bolup çykdy

Gözlegçiler 40 ýyldan gowrak mundan öň Angliýanyň Ýork şäherindäki arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan aýna gabyň Müsüre degişli, sürme saklamak üçin niýetlenen özboluşly bir gapdygyny......

28.05.2026 18:03
7k+

Adamzadyň taryhynda iň uly kürekli gämi Gadymy Müsürde gurlupdyr

Biziň eýýamymyzdan öňki III asyrda Gadymy Müsürde Tessarakontera gämisi guruldy, ol şu güne çenli taryhdaky “gara güýç” bilen işledilýän iň uly gämi hasaplanýar....

27.05.2026 20:03
4k+

Müsürde Tutanhamonyň aramgähiniň gips diwary ilkinji gezek köpçülige görkezildi

Faraon Tutanhamonyň jaýlanan otagynyň gips diwary ilkinji gezek Luksor muzeýinde giň köpçülige görkezildi diýip, «The Independent» neşiri habar berýär....

11.05.2026 18:12
1.1k+

Wenada «Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň açylyş dabarasy boldy

10-njy maýda Wenada «Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň resmi açylyş dabarasy geçirildi. Bäsleşigiň gatnaşyjylary «Burgteatrdan» şäher häkimligine çenli uzalyp gidýän pöwrize reňkli halyň üstünden ýöräp......