Toyota täze dört silindrli hereketlendirijileriň önümçiligine 383 million dollar goýar

  • 21.04.2022 09:03
  • 15k+

Toyota kompaniýasy ABŞ-yň territoriýasynda dört silindrli motorlaryň önümçiligini ýola goýmak üçin 383 million dollar maýa goýýandygyny mälim etdi. Carscoops-yň ýazmagyna görä, resmi habaryň käbir kesgitlemeleri Toyotanyň şeýle kysymly täze hereketlendirijileri işläp taýýarlamaga hyýallanýandygyny görkezýär.

Maýa goýumynyň 222 million dollar möçberindäki iň bölegini Amerikanyň Alabama ştatyndaky Toyota zawody alar. Bu ýerde dört silindrli motorlary ýygnamak üçin täze önümçilik hataryny döretmek meýilleşdirilýär,  soňlugy bilen şol motorlar Toýota awtoulaglarynyň özünde-de, gibrid gurluşlarynyň düzüminde-de ulanylar.
Toyotanyň hereketlendirijileri goýberjek ýene bir täze kärhanasy  Kentukki ştatyndadyr. 2021-nji ýylda oňa 460 milliondan gowrak pul harçlandy, bu ýyl bolsa kompaniýa önümçilik kuwwatyny giňeltmek üçin ýene 16 million dollar maýa goýýar. 
Galan serişde Toyotanyň kuwwat beriji agregatlary düzýän şaýlary goýberýän ýene iki sany amerikan kärhanasyny döwrebaplaşdyrmaklyga we giňeltmeklige goýberiler.  


şu gün 11:57
2.5k+

Toyota-nyň inženerleri Land Cruiser 250 ulagyny ogurlap bolmaz ýaly etdiler

Toyota kompaniýasy Land Cruiser 250 (Prado) wnedorožnigini täzeledi we ogurlykdan goragyny güýçlendirmäge ünsi jemledi. Model birnäçe goşmaça wariantlary, şeýle hem ogurlanmak töwekgelçiligini azaltmaga......

31.03.2026 09:18
4.7k+

Toyota oturgyçlaryndaky kemçilik sebäpli ýarym milliondan gowrak ulagyny yzyna çagyrýar

Toyota kompaniýasy yzky oturgyçlaryndaky kemçilik sebäpli Hytaýda ýarym milliondan gowrak awtoulagyny yzyna çagyrýandygyny yglan etdi. Bu barada Hytaýyň kadalaşdyryjy edarasyna salgylanyp, Reuters agentligi......

30.03.2026 15:52
4.2k+

Toýota, Ford we Volkswagen: golaýlap gelýän Nýu-Ýork awtosalonynyň esasy premýeralary

Nýu-Ýork şäheri birnäçe günläp awtoulag dünýäsi üçin özüne çekiji merkeze öwrüler. 3-12-nji aprel aralygynda Jacob K. Javits Convention Center sergi merkezinde Demirgazyk Amerikanyň iň gadymy we iri awtoulag......

29.03.2026 11:16
9.2k+

Toyota ýolsuz ýerler we şäher üçin Land Cruiser 250-niň täze görnüşlerini hödürledi

Toyota kompaniýasy Land Cruiser 250-niň iki sany täze ýokary wersiýasyny — VX we VX-L modellerini hödürledi. Olar ýolsuz ýerler we gündelik rahat sürüş üçin sazlandy....