Hytaýyň kinoprokaty 2022-nji ýyl üçin rekord derejede pes girdeji ýygymyny görkezdi

  • 20.04.2022 14:01
  • 3.7k+

Geçen dynç günleri Hytaýyň girdeji ýygymy 2022-nji ýyl üçin rekord derejede pes görkezijä çenli azaldy. Muňa koronawirusa garşy göreşe gönükdirilen çäklendirmeleriň güýçlendirilmegi sebäp boldy diýip, Artisan Gateway kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanyp, The Variety habar berýär. Muny gazeta.ru ýetirýär. 

Artisan Gateway-yň hasabatyna görä, dynç günlerinde tutuş ýurt boýunça girdeji ýygymy 10,5 mln dollar boldy. Häzirki wagtda ýylyň başyndan bäri umumy girdeji ýygymy 2,42 mlrd dollara deň, bu bolsa 2021-nji ýyldaky görkezijiden 28% azdyr.

Hytaýyň girdeji ýygymynda birinji orunda 3 mln dollar ýygnap, “Fantastik jandarlar: Dambldoryň syrlary” filmi ýerleşdi. Ikinji orny 2,7 mln dollar deslapky görkeziji bilen “Ýere düşen adam” filmi eýeledi. Liderleriň üçlügini 1,3 mln dollar gazanan “Dynç alyşdaky nägehanlar 2: Transformaniýa” multfilmi jemledi.


18.06.2026 11:17
4.9k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

18.06.2026 10:28
1.4k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 14:01
8.5k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
10k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....