Orazmyrat Gurbannazarow saglyk ýagdaýy sebäpli söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesinden boşadyldy

  • 20.04.2022 08:32
  • 32k+

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 19-njy aprelde gol çeken resminamasyna laýyklykda, Orazmyrat Gurbannazarow saglyk ýagdaýy sebäpli Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesinden boşadyldy.

Degişli Karara laýyklykda, bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetirmek Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary Begenç Goçmollaýewiň üstüne ýüklenildi.

Ýeri gelende bellesek, Orazmyrat Gurbannazarow Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Permany bilen, şu ýylyň 6-njy aprelinde söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesine gaýtadan saýlanypdy. Ol bu wezipede 2019-njy ýylyň sentýabryndan bäri zähmet çekýärdi.


düýn 22:17
1.7k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
4.8k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......