Soňky 10 ýylyň içinde elektromobilleriň dünýä bazaryndaky paýy 41 esse artdy

  • 19.04.2022 15:54
  • 7.4k+

Soňky 10 ýylyň içinde elektromobilleriň dünýä bazaryndaky paýy 41 esse artyp, 8,3 göterim boldy. Geçen ýyl satylan elektromobilleriň sany 6,75 mln-a ýetdi, bu bolsa öňküsi ýylkydan 108 göterim känligini aňladýar.

Howanyň üýtgemegine garşy göreşmek maksadynyň çäklerinde ýurtlar ýerden gazylyp alynýan ýangyjyň sarp edilişini kemeltmek üçin, pes uglerodly tehnologiýa geçmegiň depginini tizleşdirýärler.
Elektromobilleriň bazaryndaky özgerişlikler hem şeýle depgini satuwlarynda şöhlelendirýärler. Dünýäniň awtoulag bazarynyň ösüşi geçen ýyl tutuşlygyna elektromobillere degişli boldy.
EV-volumes.com-yň maglumatlaryna salgylanýan «Anadolu» agentliginiň habar bermegine görä, 2021-nji ýylda dünýä bazarynda elektromobilleriň satuwy, geçen ýylky 6,75 mln-lyk söwda bilen deňeşdirilende, 108 göterim artdy, bu bolsa bütin taryh üçin iň ýokary görkeziji bolup durýar. 2020-nji ýylda, pandemiýa garamazdan, 3,24 million elektromobil satylypdy. 
2021-nji ýylda Hytaýa iň köp — 3,4 million elektromobil satyldy. Şeýlelikde, ondan öňki ýyl bilen deňeşdirilende, Hytaýa satuw 155 göterim artdy, ýa-da 2,06 million boldy.
Ýewropa 2,3 million elektromobil satyldy, bu 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 66 göterim artykdyr. ABŞ elektromobilleriň satuwy boýunça üçünji ýerde durýar — 735 müň elektromobil, onuň yzysüre Günorta Koreýa gelýär — 114 müň 500 elektromobil. Ysraýyl, Awstraliýa, Hindistan we Ýaponiýa 10 müňden gowrak elektromobil satdy.


24.06.2026 18:36
4.7k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.3k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......