Serdar Berdimuhamedow atasynyň belli gününde Hezreti Omar metjidinde sadaka berdi

  • 19.04.2022 05:14
  • 41k+

18-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow kakasy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bilelikde Hezreti Omar metjidinde atasy Mälikguly aganyň belli güni mynasybetli sadaka berdi. Bu ýerde ýurdumyzyň müftüsi Mälikguly aganyň jaýynyň jennet, ruhunyň şat bolmagyny dileg edip, aýat okady.

Soňra metjitde Prezident Serdar Berdimuhamedow kakasy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň müftüsi bilen gürrüňdeş bolup, ýurdumyzyň hormatly ýaşulularynyň asyrlar aşyp gelýän nusgalyk ýörelgeleriniň häzirki zamanyň ruhuna kybap derejede dowam etmelidigini, olaryň ösüp gelýän ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek meselelerine zerur üns bermelidiklerini belledi.

Metjidiň sadaka bermek üçin niýetlenen binasynda hormatly Prezident atasy Mälikguly Berdimuhamet oglunyň belli gününiň sadakasyny berýändigini, bu senäniň mukaddes Remezan aýyna gabat gelendigini nygtady we hormatlap gelendikleri üçin sadaka gatnaşýanlaryň ählisine taňryýalkasyn aýtdy. Türkmenistanyň müftüsi merhumyň ruhuna bagyşlanyp berilýän sadakanyň hormatyna tebärek çykdy. Soňra agzaçar wagtynyň gelmegi bilen, sadaka gatnaşyjylara nahar çekildi.


düýn 10:55
5.5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

08.06.2026 17:48
7.1k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 12:12
3.6k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3.4k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......