“Möý adam: Öýe ýol ýok” filminiň muşdagy Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

  • 18.04.2022 17:04
  • 13043
“Möý adam: Öýe ýol ýok” filminiň muşdagy Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Florida ştatynyň amerikaly ýaşaýjysy kinoteatrlarda şol bir kinony baryp görmegiň sany boýunça rekord eýesi boldy. Ramiro Alanis Marvel komiksleriniň “Möý adam: Öýe ýol ýok” filminiň ekranlaşdyrylmagyna 292 gezek gitdi.

Ginnesiň rekordlar kitabyndan filmiň hronometražyny hem göz öňünde tutanyňda muşdagyň kinozalda 30 gün töweregi bolandygy gelip çykýar. Bellenilişi ýaly, mundan öň ol komiksleriň esasynda “Ar alyjylar 4: Final” kinolentasyna tomaşa etmek boýunça rekord eýesidi. Şonda Alanis bu filmi görmäge 191 gezek gitdi. Ýöne geçen ýyl Arno Klýaýn “Kamelot: Patyşanyň gaýdyp gelmegi” filmini 204 gezek görüp, bu rekordy täzeledi.

Bu hem Ramironyň täze rekord üçin kinoteatrlara gitmegine itergi berdi. Ol sosial ulgamlardaky resmi sahypalarynda kinostudiýa we filme gatnaşyjylara “geçirilen ajaýyp wagt üçin” minnetdarlyk bildirdi.

Ýatlap geçsek, “Möý adam 3” diňe bir koronawirus pandemiýasy döwrüniň iň girdejili kinolentasy bolman, eýsem iň şowly filmleriň biri boldy. Onuň umumy girdeji ýygymy, takmynan, 1,9 mlrd dollar boldy. Şol bir wagtyň özünde film Hytaý ýaly möhüm bazarda çykmady.

Baş keşbi ýerine ýetiriji Tom Holland iň bolmanda ýene bir gezek Möý adamyň keşbine dolanmagy meýilleşdirýär.


15.07.2021 11:48
4897

Dünýädäki iň gadymy fransuz kinoteatry Ginnesiň rekordlar kitabyna resmi taýdan girizildi

Doganlar Lýumeriň ilkinji filmleriniň görkezilen ýeri bolan Fransiýanyň günortasyndaky “Edem” kinoteatry Ginnesiň rekordlar kitabynda dünýädäki iň gadymy kinoteatr hökmünde resmi taýdan ykrar edildi. Bu kinoteatra...

01.07.2021 13:36
9404

“Forsaž 9” ABŞ-da pandemiýadan soňky prokat rekordyny täzeledi

“Forsaž” franşizasynyň dokuzynjy bölümi ilkinji dynç günleri amerikan prokatynda 70 mln dollar gazanyp, pandemiýanyň başlan döwründen bäri kassa ýygymy boýunça rekord goýdy. Bu barada style.rbc.ru habar berýär...

şu gün 16:39
101

«Awatar 2» — Golliwudyň taryhynda iň gymmat filmleriň biri

The Hollywood Reporter-iň çeşmelerine görä, "Awatar: Suwuň ýoly" filminiň býujeti 350-400 mln dollardan ybarat. Şeýlelikde, film Golliwudyň taryhynda, hatda puluň hümmetiniň gaçandygyny hasaba alaňda-da, iň gymmat...

26.11.2022 14:14
18816

Ember Herd Google-da iň köp gözlenen tanymal adam boldy

CelebTatter portaly ABŞ-da Google-dan peýdalanyjylaryň isleglerini seljerdi. Ember Herd meşhur şahslaryň arasynda birinji boldy - onuň adyny her aýyň dowamynda 5,6 mln gezek gözläpdirler. Aktrisanyň öňki ýanýoldaşy...