Daniýalylar agaçdan dünýäniň iň beýik binasyny gurarlar

  • 18.04.2022 17:07
  • 11k+

Schmidt Hammer Lassen firmasynyň daniýaly arhitektorlary Şweýsariýanyň Wintertur şäherinde ýaşaýyş jaýy üçin taslamany görkezdiler. Gurluşyk tamamlanandan soň ol agaçdan göteriji konstruksiýaly dünýäniň iň beýik binasy bolar.

Rocket&Tigerli diýlip atlandyrylan bu toplumy wagon gurluşyk zawodynyň ýerleşen öňki senagat meýdançasynda gurmak meýilleşdirilýär. Ol dürli beýiklikdäki dört bölekden ybarat bolup, olaryň biriniň beýikligi 100 metre ýeter. Gurluşygy 2026-njy ýylda tamamlamak meýilleşdirilýär. Toplumda ýaşaýyş jaýlary, talyplar üçin umumy ýaşaýyş jaýy, restoran we söwda meýdançalary ýerleşdiriler. Binalaryň ýüz tarapy terrakota kerpiçleri we plitalary bilen örtüler.
Firma bu taslamany Şweýsariýanyň Cometti Truffer Hodel binagärlik studiýasy bilen bilelikde işläp düzdi. Göteriji konstruksiýanyň işlenip düzülmegine Implenia gurluşyk kompaniýasy we Şweýsariýadaky Sýurihiň ýokary tehniki mekdebi jogap berdi. Binalaryň dizaýny töweregindäki binalara gabat getiriler.


28.05.2026 23:41
5.3k+

Şweýsariýada ugry näbelli, wagt tertibi bolmadyk awtobus gatnawy ýola goýuldy

Şweýsariýanyň Baden we Wettingen şäherlerinde «0-njy ugur» diýen at bilen üýtgeşik taslama badalga berildi. Bu taslamanyň çäginde gatnaýan awtobusuň kesgitli bir ugry, wagt tertibi we soňky duralga nokady......

18.05.2026 14:53
12k+

Baltika deňzinde halas edilen läheň Timmi Daniýanyň kenarlarynda öli tapyldy

Belli örküçli läheň Timminiň (Houp hem diýilýär) läşi Daniýanyň Anholt adasynyň kenarynda tapyldy diýip, «Der Spiegel» neşiri Daniýanyň Daşky gurşawy goramak agentligine salgylanyp habar berýär....

17.05.2026 10:36
5.2k+

Daniýada gaýtadan işlenen materiallar ulanylyp, ýurduň iň beýik agaç binasy guruldy  

Daniýanyň Orhus şäherinde 78 metrlik TRÆ diňiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Daniýanyň iň beýik agaç desgasy we dünýäde iň beýik binalaryň biridir....

05.04.2026 23:03
4.2k+

Şweýsariýada şokolada bagyşlanan ägirt uly dynç alyş seýilgähi gurlar

Şweýsariýanyň Brok şäherinde Maison Cailler şokolad fabrigini giňeltmegiň taslamasy hödürlenildi. Bu ýerde şokolada bagyşlanan uly syýahatçylyk desgasyny döretmek meýilleşdirilýär diýip, «The Sun» neşiri habar......