Türkmenistanyň Prezidenti Palestinanyň Liderini diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

  • 18.04.2022 15:09
  • 2.6k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Palestina Döwletiniň Prezidenti Mahmud Abbasa we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Palestina Döwletiniň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýollady.

Döwlet Baştutany hatynda ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga we özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady hem-de ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň bilelikdäki tagallalar esasynda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan bilen Palestina Döwletiniň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 17-nji aprelinde ýola goýuldy. Şunlukda, Palestina Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ilkinjileriň hatarynda ykrar edip, resmi ýagdaýda ikitaraplaýyn gatnaşyklara badalga beren ýurtlaryň biri boldy. Häzirki güne çenli türkmen-palestin hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadyny emele getirýän resminamalaryň 7-si bolup, olara Palestina Döwletiniň Prezidenti Mahmud Abbasyň 2016-njy ýylyň 13 — 15-nji noýabrynda Türkmenistana amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde gol çekildi.


düýn 22:17
1.7k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
4.8k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......