Global ýarym geçiriji pudagynyň girdejisi 2021-nji ýylda 26% ýokarlandy

  • 17.04.2022 14:59
  • 4.2k+

Gartner analitikleri global ýarym geçiriji pudagynyň 2021-nji ýyldaky maliýe netijeleri barada hasabaty neşir etdiler. Bazara gatnaşyjylaryň umumy girdejisi bir ýylda 26,3% ýokarlanyp, 595 mlrd dollara ýetdi. Global çip ýetmezçiligi, 5G smartfonlarynyň sanynyň artmagy hem-de çig malyň we logistika hyzmatlarynyň gymmatlamagy ýarym geçiriji önümleriň ortaça satuw bahasynyň ýokarlanmagyna sebäp bolup, girdejiniň artmagyny üpjün etdi. 2018-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Samsung Electronics kompaniýasyna Intel-den birinji orny almak başartdy. Koreýanyň öndürijisi görkezijini 28% gowulandyrdy, emma amerikan ägirdiniň girdejisi geçen ýyl 0,3% azaldy. Öndürijileriň ilkinji onlugyndan ýylyň jemi boýunça iň gowy ösüşi AMD bilen MediaTek görkezdi. Olaryň girdejisi degişlilikde 68,6% we 60,2% ýokarlandy. 

Has ähmiýetli, ýöne oňyn däl dinamikany HiSilicon görkezdi. Onuň girdejisi 81%, ýagny 2020-nji ýyldaky 8,2 mlrd dollardan 2021-nji ýylda 1,5 mlrd dollara çenli azaldy. Netijede, ol top-25-den çykdy. Bu görkeziji kompaniýa eýeçilik edýän Huawei garşy amerikan sanksiýalarynyň netijesi boldy. HiSilicon-yň yzy bilen Hytaýyň global ýarym geçirijiler bazaryndaky paýy 2020-nji ýyldaky 6,7%-den 2021-nji ýylda 6,5%-e çenli azaldy. Günorta Koreýa bolsa geçen ýyl özüniň global bazardaky paýyny 19,3% ýokarlandyrdy..

Ähli pudagyň esasy ösüş hereketlendirijisi pandemiýa sebäpli gowşan 2020-nji ýyldan soň güýçli oňyn dinamikany görkezen awtomobil we senagat komponentleriniň bazary boldy. Awtomobil bölekleriniň bazary 34,9% ýokarlandy. Dinamika boýunça ikinji orny 24,6% ýokarlanan simsiz aragatnaşyk bazary eýeleýär: eger 2020-nji ýylda 251 mln 5G smartfony çykarylan bolsa, 2021-nji ýylda olaryň sany 556 mln boldy.

Global bazaryň ösüşiniň ýene bir şerti ýadyň önümçiligi boldy, bu segment ýarym geçirijileriň satuwynyň 27,9%-ini üpjün edip, girdejini 33,2% ýokarlandyrdy. Bu ýerde personal kompýuterlere we ultramobil gurluşlaryna hem-de bulut üpjün edijileriniň enjamlary üçin böleklere islegi ýokarlandyran uzak aralykdan iş, şeýle-de iş bilen okuwyň gibrid görnüşi kesgitleýji tendensiýa boldy.

düýn 23:18
448

π0.7 roboty öň öwredilmedik işleri-de ýerine ýetirip başlady

San-Fransiskoda ýerleşýän Physical Intelligence kompaniýasy robotlar üçin niýetlenen täze π0.7modelini tanyşdyrdy. Bu model robotlara öň hiç wagt öwredilmedik işlerini ýerine ýetirmäge-de mümkinçilik berýär.......

düýn 23:05
370

Parallel aň: Alymlar beýnide astrosit esasly ikinji aragatnaşyk ulgamyny tapdylar

Nýu-Ýork uniwersitetiniň alymlary uzak wagtlap diňe kömekçi öýjükler hasaplanýan astrositleriň beýnide özleriniň giň aragatnaşyk ulgamyny emele getirýändigini anykladylar....

12.05.2026 23:21
6.5k+

Mehiko her aýda 1,5 santimetr ýere çökýär: NASA howply ýagdaýy hasaba aldy

NASA-nyň radiolokasiýa ulgamynyň maglumatlaryna görä, Meksikanyň paýtagty Mehiko şäheri her aýda ortaça 1,5 santimetr ýere çökýär....

12.05.2026 21:10
5.1k+

Günorta Koreýa esger ýetmezçiligi sebäpli Hyundai robotlaryndan ybarat goşun döretmek isleýär

Günorta Koreýanyň Goranmak ministrligi harby gullukçylaryň sanynyň azalmagy sebäpli, goşunda robototehnikany ornaşdyrmak üçin Hyundai Motor kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk etmegiň ugruna çykdy....