Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşine agzalyga saýlandy

  • 17.04.2022 14:33
  • 28k+

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň agzalygyna saýlandy. Bu barada guramanyň www.turkkon.org saýtynda habar berildi.

Habarda Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşine kabul edilmeginiň guramanyň işini öňe ilerletmäge ýardam berjekdigi nygtalýar. Hususan-da: «Sekretariat Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaşulular geňeşine agzalyga saýlanmagyna buýsanýar we onuň pähim-parasadynyň, tejribesiniň hem-de bilimleriniň geňeşiň mümkinçiliklerini baýlaşdyrjakdygyna, guramanyň abraýyny ýokarlandyrmakda möhüm orun eýelejekdigine ynanýar» diýlip, guramanyň habarynda bellenilýär.

Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrymy kabul edip, duşuşykda Türkmenistanyň bu guramanyň alyp barýan işlerine, şol sanda Ýaşulular geňeşine işjeň we netijeli gatnaşmagyny möhüm ugur hökmünde kesgitländigini nygtady.


şu gün 10:55
125

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

08.06.2026 17:48
6.6k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 12:12
3.3k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3.2k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......