Balkanda 2022 — 2028-nji ýyllarda guruljak täze desgalaryň sanawy düzüldi

  • 15.04.2022 16:05
  • 16k+

Balkan welaýatynda 2022 — 2028-nji ýyllarda gurulmagy meýilleşdirilen täze desgalaryň degişli sanawy düzülip, ol 14-nji aprelde geçirilen Hökümetiň göçme mejlisinde döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürlenildi.

Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowyň beren hasabatynda bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan, şol sanda Balkan welaýatynda oba hojalyk, azyk hem-de senagat kärhanalaryny döretmek boýunça maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek barada teklipler işlenip taýýarlanyldy.

Şolaryň hatarynda suw tygşytlaýjy usullary ulanmak arkaly, gök önümleri, üzüm hem-de miweli baglary ösdürip ýetişdirmek, maldarçylyk we guşçulyk toplumlaryny, häzirki zaman ýyladyşhanalaryny hem-de azyk önümlerini saklamaga niýetlenen sowadyjy ammarlary gurmak boýunça taslamalaryň 14-si bar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň telekeçileriniň Balkan welaýatynda maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça tekliplerini içgin seljermek we olara gaýtadan seretmek babatda görkezmeleri berdi.


11.06.2026 13:44
3.9k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

01.06.2026 07:34
8.8k+

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......

31.05.2026 13:30
7.1k+

Fransiýada 3D-printerde Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýy çap edildi

Fransiýada 3D çap tehnologiýasy ulanylyp gurlan Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlandy. 12 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýy üç gatly bina bolup, bary-ýogy 34 günde çap edildi....

29.05.2026 08:03
7.8k+

157 gatlyk Jeddah Tower diňiniň esasy polat binýadyny hytaýly inženerler gurar

Hytaýyň Jinggui International kompaniýasy Saud Arabystanyndaky Jeddah Tower diňiniň 120-nji gatdan ýokary böleginiň esasy polat gurluşyny gurmak boýunça şertnama aldy. Belentligi bir kilometrden geçjek......