Ýagşymyradow Karwalýo bilen «bakyşlaryň duelini» geçirdiler

  • 15.04.2022 13:46
  • 34k+

Garyşyk göreşiň türkmen wekili Döwletjan Ýagşymyradow we braziliýaly Rafael Karwalýo 16-njy aprele geçilýän gije boljak Bellator 277 ýaryşynyň öň ýanynda «bakyşlaryň duelini» geçirdiler. Söweş ABŞ-da San-Hose şäherindäki «Es-Eý-Pi-sentr» arenasynda geçiriler.

Döwletjan Ýagşymyradow söweşden öň agram çekilşligi üstünlikli geçdi. Ol 93,1 kg agram görkezip, ýarym agyr agram kategoriýasynyň talap edilýän çägine bardy.
Ýagşymyradow-Karwalýo tutluşygyny, şeýle hem Bellator 277-niň beýleki ähli ýaryşlaryny Älem TV hemra telewideniýesinde elýeterli bolan Setanta Sports teleýaýlymynda görmek bolýar. Ýaryşa şeýle hem Bellator-yň You Tube-daky resmi ýaýlymyndan tomaşa edip bolar. Ýaryş agşamynyň deslapky tutluşyklary aşgabat wagty bilen 04:00-da başlanýar. Esasy tutluşyklar 07:25-e meýilleşdirildi.  
Öň habar berşimiz ýaly, şikes alanlygy zerarly Döwletjanyň ilki garşydaşy Toni Jonson söweşden ýüz öwürdi, oňa derek türkmen pälwanyna garşy Bellator-yň öňki çempiony braziliýaly Rafael Karwalýo çykar.
Döwletjan Ýagşymyradow professional karýerasynyň dowamynda 24 söweş geçirip, 18 ýeňiş (15-si wagtyndan öň) gazandy. Ýeňişleriň 11-si nokaut, 4-si sabmişen we biri eminleriň karary bilen gazanyldy. Bu söweş Döwletjan üçin Bellator-da üçünji söweş bolar. Ondan öň Döwletjan Bellatorda Kori Anderson we Karl Albrektsson bilen duşuşdy. 
Türkmen pälwanynyň garşydaşy Karwalýonyň hasabynda garyşyk söweşlerde 22 sany duşuşyk geçirip, 16 ýeňiş we 6 ýeňliş bar.


19.02.2026 15:37
4.2k+

Netflix platformasynda ilkinji gezek MMA söweşi göni ýaýlymda görkeziler

Netflix öz taryhynda ilkinji gezek MMA söweşini göni ýaýlymda görkezer. 16-njy maýda geçiriljek bu tutluşygyň gatnaşyjylary Ronda Rauzi we Jina Karano bolar. Zenan türgenleriň ikisi hem karýerasyny tamamlanlaryndan soň, ýene oktagona dolanýar...

08.02.2026 04:46
11k+

Usman Nurmagomedow Alfi Dewisi bogup, PFL-iň çempionlyk guşagyny gorady

Dubaýda geçirilen PFL ýaryşynyň esasy tutluşygynda russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow britaniýaly Alfi Dewisi ýeňip, ýeňil agramda çempionlyk derejesini gorady. Ýaryş «Coca-Cola Arena» meýdançasynda geçirildi...

04.02.2026 12:15
5k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň titul söweşinden öň Alfi Dewis bilen «bakyşlaryň duelini» geçirdi

4-nji fewrala geçilýän gije Dubaýda (BAE) PFL ligasynyň ýeňil agramdaky häzirki çempiony Usman Nurmagomedow bilen çempionlyk guşagyna dalaşgär iňlis pälwany Alfi Dewisiň arasyndaky duşuşykdan öň däp bolan «bakyşlaryň çaknyşygy» boldy...

01.02.2026 16:33
6k+

UFC 325: Wolkanowski ýene-de Diýego Lopesden üstün çykdy, Sen-Deni Hukeri ýeňdi

​1-nji fewralda Awstraliýanyň Sidneý şäherinde Garyşyk söweş sungaty boýunça UFC 325 ýaryşy geçirildi. Esasy tutluşykda ýarym ýeňil agramda UFC-niň çempiony Aleksandr Wolkanowski reýtingde ikinji orunda durýan Diýego Lopesa garşy öz titulyny gorady...