Döwletjan Ýagşymyradow Bellator 277-de täze garşydaş bilen tutluşar

  • 09.04.2022 00:34
  • 33k+

Aprel aýynyň 15-inden 16-syna geçilýän gije Bellator 277 ýaryşynda çykyş etjek türkmenistanly pälwan Döwletjan Ýagşymyradowyň garşydaşy üýtgedildi. 

Penşenbe güni Bellator-yň resmi wekilleriniň tassyklamagyna görä, şikes alanlygy zerarly Döwletjanyň ilki garşydaşy Toni Jonson söweşden ýüz öwürdi, oňa derek türkmen pälwanyna garşy Bellator-yň öňki çempiony braziliýaly Rafael Karwalýo çykar.
Bellator 277-niň çägindäki söweşler 16-njy aprelde Aşgabat wagty bilen 05:00-da başlanar.
Döwletjan Ýagşymyradow professional karýerasynyň dowamynda 24 söweş geçirip, 18 ýeňiş (15-si wagtyndan öň) gazandy. Ýeňişleriň 11-si nokaut, 4-si sabmişen we biri eminleriň karary bilen gazanyldy. Bu söweş Döwletjan üçin Bellator-da üçünji söweş bolar. Ondan öň Döwletjan Bellatorda Kori Anderson we Karl Albrektsson bilen duşuşdy. 
Türkmen pälwanynyň garşydaşy Karwalýonyň hasabynda garyşyk söweşlerde 22 sany duşuşyk geçirip, 16 ýeňiş we 6 ýeňliş bar.


21.04.2026 20:58
4.9k+

Türkmen ýaşlary Rumyniýadaky erkin we grek-rim göreşi boýunça ýaryşda uly üstünlik gazandy

2026-njy ýylyň 16–19-njy apreli aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde 17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen «Konstantin Aleksandru we Ioan Popowiç» adyndaky halkara ýaryşynda türkmen türgenleri uly......

17.04.2026 09:31
22k+

«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy....

15.04.2026 19:50
21k+

Döwletjan oktagona dolanýar: Ýagşymyradow bilen Taýsonyň güýji deň gelermi

16-njy aprelde (Aşgabat wagty bilen 17-nji aprel) Belfastyň (Demirgazyk Irlandiýa) «SSE Arenasynda» türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradowyň urşy bolar. Bu gezek PFL oktagonynda oňa awstraliýaly Taýson Pedro......

15.04.2026 07:29
6.6k+

Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Alp Arslan Begenjow 86 kg çenli agram derejesinde erkin göreş boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda üçünji orny eýeledi....