Mask Twitteri 41 mlrd dollara satyn almagy we ony hususylaşdyrmagy teklip etdi

  • 15.04.2022 13:06
  • 7.8k+

Amerikaly işewür Ilon Mask ABŞ-yň Gymmatly kagyzlar we biržalar boýunça komissiýasynyň saýtynda çap bolan resminamadan görnüşine görä, Twitteriň ähli paýnamalaryny satyn almagy teklip etdi.

Mask 41,39 mlrd dollar bahany ýa-da her paýnamany 54,20 dollardan satmaklaryny teklip etdi.

Işewür ozal Twitteriň bir bölegini satyn alypdy, sebäbi onuň «tutuş dünýäde söz azatlygynyň ýörelgelerini berjaý etjek» platforma bolup biljegine ynanýardy. Söz azatlygy diýmek bolsa, onuň sözlerine görä, — bu «demokratiýanyň ýöremegi üçin jemgyýetçilik zerurlygy».

«Emma, kompaniýa maýa goýmak bilen, men onuň häzirki bolşunda gülläp ösmejegine-de, bu jemgyýetçilik zerurlygyna hyzmat edip bilmejegine-de düşündim. Twitteri hususy kompaniýa öwürmeli. Şonuň üçinem, Twitteri 100% satmaklaryny teklip edýärin» diýip, Maskyň resminamada getirilýän beýannamasynda aýdylýar.

Işewür öz teklibine «ýerine düşen» teklip diýip, onuň gutarnyklydygyny belledi. Eger ol kabul edilmese, «paýdar hökmünde öz nukdaýnazaryna täzeden seretjekdigine» söz berdi.

«Twitteriň juda uly kuwwaty bar. Men ony açaryn» diýip, Mask sözüni jemledi.

Onuň Twitteri satmaklary barada eden teklibinden soň, 14-nji aprelde Nýu-Ýorkuň gazna biržasynda geçen deslapky söwdalaşyklarda kompaniýanyň paýnamalary 18%, her kagyzyna 53,88 dollara çenli göterildi.


10.05.2026 12:04
1.1k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....

27.04.2026 23:00
2.4k+

Kazyýet Maskyň OpenAI-a garşy talaplarynyň bir bölegini ret etdi, kazyýet işi dowam edýär

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasyna we onuň esaslandyryjylaryndan biri bolan Sem Altmana garşy bildiren "kezzapçylyk" aýyplamalaryny ret etdi, emma beýleki aýyplamalar boýunça derňew işleri dowam eder. Bu......

27.04.2026 22:44
6.6k+

Jomartlyk reýtingi: haýyr-sahawat işleri bolmasa, baýlaryň sanawy nähili üýtgärdi

Forbes žurnaly dünýäniň iň baý adamlarynyň täzelenen reýtingini çap etdi, ýöne bu gezek neşir olaryň baýlygyny, haýyr-sahawata bagyşlan serişdelerini hem goşmak bilen, gaýtadan hasaplady....

13.04.2026 23:42
2.9k+

Intel we Ilon Mask «TeraFab» çiplerini öndürmek üçin birleşdiler

Intel korporasiýasy SpaceX, xAI we Tesla bilen bilelikde ägirt uly ýarymgeçiriji önümçiligini döretmek üçin TeraFab taslamasyna goşuldy. Bu taslama Ilon Maskyň kompaniýalaryny her ýyl 1 terawatt (TWt)......