Brent nebitiniň bahasy 31-nji martdan bäri ilkinji gezek 110 dollardan geçdi

  • 15.04.2022 12:59
  • 4.9k+

Londonyň ICE Futures biržasynda Brent nebitiniň iýun fýuçersleriniň bahasy 1,15% gymmatlady we her barreliniň bahasy 110 dollara çykdy. Geçen sessiýanyň ýapylandakysy bilen deňeşdirilende, takmynan 1,2 dollar gymmatlady diýen ýaly. Brent kysymly nebitiň nyrhy 31-nji martdan bäri ilkinji sapar 100 dollardan geçdi.

Maýda goýberiljek WTI nebitiniň fýuçersleriniň bahasy 1,33% göterilip, barreli 105,64 dollara çenli gymmatlap barýar.

Ýewropa Bileleşigi Russiýanyň nebit önümlerini getirmekligi gadagan etmäge hyýallanýar diýen ýaly täzelikleriň täsiri bilen çig malyň nyrhy gymmatlaýar. Mundan hem başga, Bloombergiň belleýşi ýaly, Nebit eksport ediji ýurtlaryň guramasynyň (ОPЕC) agzalary mart aýynda teklipleriň sanyny artdyrmak boýunça beren sözleriniň diňe 10%-ni berjaý etdiler diýip, Halkara Energetika agentligi habar berýär.

Şeýle hem, ABŞ-yň Energetika habarlar agentliginiň (EIA) çig nebit gorunyň ätiýaçlyklary hakyndaky maglumatlary çap boldy — ätiýaçlyklaryň 9,4 mln barrel artandygy bellige alyndy, analitikler bolsa 0,8 mln bolar diýip garaşýardylar. Emma, Bloombergiň belleýşi ýaly, artan ätiýajyň dörtden üç bölekden agaragy nebitiň strategik ätiýaçlyklarynyň kommersiýa ätiýaçlygyna geçirilmegi bilen baglydyr.


20.06.2026 11:54
5.3k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......