Boeing ýylyň birinji çärýeginde 95 sany uçar satdy we 167 sany sargyt aldy

  • 14.04.2022 19:21
  • 8.6k+

Amerikanyň Boeing awiakonserni ýanwar-mart aýlarynda 167 uçar üçin sargyt aldy diýip, Bloomberg agentligi habar berýär.

Geçen ýylyň birinji çärýeginde kompaniýa 77 uçar sargyt edilipdi, bu ýyl bolsa şu döwür içinde sargyt edilen uçarlaryň sany 95-e ýetdi diýip, Boeingiň materilallarynda görkezilýar. Sargytlaryň we üpjün edilen uçarlaryň agramly bölegi 737 MAX nusgaly uçarlardan ybarat.

Şeýle-de bolsa, Boeing 141 sany uçara edilen sargydy öz hasabatyndan aýyrmaly boldy, esasy sebäbem uçarlar Russiýanyň awiakompaniýalaryna ugradyljakdyr diýen şübhe bilen baglydyr diýip, Seattle Times neşiri belleýär. 

Şonuň bilen birlikde, Ýewropanyň Airbus aerokosmiki konserni ýylyň geçen çärýeginde 83 sany täze sargyt aldy we 142 sany uçar satdy.

Boeingiň paýnamalary sişenbe güni geçen söwdalaşyklarda 1,9% gymmatlady. Ýylyň başyndan bäri kompaniýanyň kapitallaşdyrylmagy 11,4% , ýagny $103,3 mlrd-a çenli gysgaldy.


30.03.2026 09:59
10k+

Milliarderleriň iň köp doglan şäheri yglan edildi

Nýu-Ýork şäheri bu gezek hem dünýäde milliarderiň iň köp doglan ýeri hökmünde sanawyň başyny çekdi diýip, 2026-njy ýyl üçin dünýäniň iň baý 1680 adamynyň maglumatlaryna esaslanýan Visual Capitalist neşiri......

29.03.2026 23:55
6.1k+

Ilon Mask ABŞ-da öz hasabyna üç sany ýolagçy tunelini gurar

Ilon Maskyň esaslandyran «The Boring Company» kompaniýasy ABŞ-da üç sany täze ýolagçy tuneliniň gurluşygyna başlaýandygyny yglan etdi. Bu taslamalaryň ählisi kompaniýanyň öz serişdeleriniň hasabyna doly......

04.02.2026 12:43
7.6k+

Trampyň adyny göterýän täze kriptowalýuta dörediler

Truth Social sosial torunyň, Truth+ striming platformasynyň we Truth.F  finteh-brendiniň operatory bolan Trump Media and Technology Group (TMTG) kompaniýasy ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň adyny göterýän täze kriptowalýutany çykarar...

27.01.2026 18:14
7.6k+

Boeing 600 uçar sargydyny bitirdi — bu soňky 7 ýylda kompaniýanyň rekordy

2025-nji ýylda Boeing Co. amerikan awiagurluşyk konserni müşderilere 600 sany täjirçilik uçaryny iberdi. Bu görkeziji geçen ýyldaky 348 uçar bilen deňeşdirilende 72% köpdür. Bu netije kompaniýa üçin 2018-nji ýyldan bäri, ýagny soňky ýedi ýylyň dowamynda iň ýokary görkeziji boldy...