Makron Serdar Berdimuhamedowy diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

  • 14.04.2022 05:42
  • 6k+

Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makron Prezident Serdar Berdimuhamedowy türkmen-fransuz diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlady.

Gutlag hatynda bellenilişi ýaly, 1992-nji ýylyň 6-njy martynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursadyndan bäri, Fransiýa we Türkmenistan özara gatnaşyklaryny has-da berkitdiler. Syýasy ulgamda Fransiýa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny yglan eden Kararnamasynyň awtordaşy bolup çykyş etdi.

«Türkmenistanda fransuz institutynyň hem-de Fransuz-türkmen arheologiýa toparynyň döredilmegi bilen, biz fransuz medeniýetiniň Türkmenistanda ýaýylmagyna hem-de Siziň ýurduňyzyň köpasyrlyk taryhy mirasynyň Fransiýada we dünýäde wagyz edilmegine esaslanýan ýakynlaşmak ýoluny saýlap aldyk. Hyzmatdaşlygymyzy dowam etdirmäge, şeýle hem daşky gurşawyň, saglygy goraýşyň, howpsuzlygyň ählumumy meselelerini bilelikde çözmek üçin ony täze ulgamlarda giňeltmäge taýýardygymyza Sizi ynandyrmak isleýärin» diýip, Makron hatynda nygtady.


düýn 22:17
1.7k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
4.8k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......