Benzema «Altyn top» üçin sanawda birinji orny eýeleýär

  • 13.04.2022 14:28
  • 10k+

Goal.com portalynyň wersiýasyna görä, “Realyň” hüjümçisi Karim Benzema “Altyn top” üçin sanawda birinji orunda durýar. Sanawyň öňki wersiýasynda “Bawariýanyň” hüjümçisi Robert Lewandowskiý liderdi. Ýöne bellemeli ýeri, indi sanawyň ýigrimiliginde “PSŽ-niň” oýunçysy Lionel Messiniň we “Mançester Ýunaýtediň” oýunçysy Kriştianu Ronaldunyň ýoklugydyr. 

Häzirki wagtda sanawyň onlugy şeýle görnüşde:

  1. Karim Benzema – “Real”;
  2. Robert Lewandowskiý – “Bawariýa”;
  3. Mohamed Salah – “Liwerpul”;
  4. Kilian Mbappe – “PSŽ”;
  5. Luka Modriç – “Real”;
  6. Sadio Mane – “Liwerpul”;
  7. Kewin de Brýoýne – “Mançester Siti”;
  8. Winisius Žunior – “Real”;
  9. Fil Foden – “Mançester Siti”;
  10. Trent Aleksander-Arnold – “Liwerpul”.

15.04.2026 09:20
8.1k+

ÇL-iň 1/4 finaly: PSŽ ýene «Liwerpuldan» üstün çykdy, «Barselonanyň» ýoly Madridde kesildi

Çempionlar ligasynyň çärýek finalynyň jogap duşuşyklarynyň netijeleri boýunça ýarym finalyň ilkinji gatnaşyjylary mälim boldy: PSŽ myhmançylykda «Liwerpuldan» üstün çykdy, Madridiň «Atletikosy» bolsa öz......

12.04.2026 00:14
4.7k+

«Liwerpul» Endrýu Robertsonyň topardan gidýändigini mälim etdi

«Liwerpul» futbol kluby goragçy Endrýu Robertsonyň şu möwsümiň ahyrynda topardan gitjekdigini habar berdi....

09.04.2026 07:07
7.3k+

ÇL-nyň 1/4 finaly: «Barselona» «Atletikodan» utuldy, «PSŽ» «Liwerpuldan» üstün çykdy

​9-njy aprele geçilýän gije UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň çärýek final duşuşyklary geçirildi. Ilkinji oýunlarda «Barselona» öz meýdançasynda Madridiň «Atletikosyndan» utuldy, «Pari Sen-Žermen» bolsa......

26.03.2026 13:05
6.9k+

Salah möwsümiň ahyrynda «Liwerpuly» terk eder

«Liwerpulyň» hüjümçisi Mohamed Salah 2025/2026-njy ýyllar möwsüminiň ahyrynda klubdan gitjekdigini yglan etdi. Müsürli futbolçy bu barada sosial ulgamlarda wideoýüzlenme arkaly habar berdi....