Hytaýyň BYD kompaniýasy adaty ýangyçly motorlardan doly ýüz öwürdi

  • 08.04.2022 15:44
  • 7.7k+

Hytaýyň BYD kompaniýasy içinden ot alýan adaty hereketlendirijili awtoulaglaryny goýbermegi doly tamamlady. Bu barada öndürijiniň metbugat gullugy habar berýär.

Kompaniýada BYD-nyň «däp bolan motorly ulagdan dünýäde ilkinji bolup ýüz öwren awtoulag öndürijidigini» mälim etdiler. Şunuň bilen birlikde, Ýewropanyň Smart nyşanly kompaniýasy içinden ot alýan adaty hereketlendirijili awtoulaglary goýbermegini 2019 ýylda bes edipdi.

Şol bir wagtda BYD-da kompaniýanyň öz ýangyç bilen işleýän köne ulaglary üçin kepillik möhleti we kepillikden soňky hyzmatlar üçin awtoşaý toplumlaryny çykarmagy dowam etjegini nygtadylar.

2022 ýylyň martynda BYD, Tesla kompaniýasynyň HHR-na satýan awtoulaglarynyň sanyndan öňe geçip, Hytaýda elektromobilleriň we olaryň garnuwlarynyň 104,3 müň sanysyny ýerledi. CarNewsChina neşiriniň ýazyşy ýaly, 2022 ýylda BYD, awtoşaý toplumlarynyň ýetmezçiligi bilen bagly meseläni çözen ýagdaýynda, öz söwdasyny 1,2 mln awtoulag bolanlygyndan 1,5-2,0 mln awtoulaga çenli artdyryp biler.

 


şu gün 08:16
97

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

16.06.2026 07:52
4.2k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....