Wladimir Putin Serdar Berdimuhamedowy diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

  • 08.04.2022 05:35
  • 19k+

Şu gün — 8-nji aprelde Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolýar. Bu şanly sene mynasybetli Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Prezident Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatyny ýollady.

«Biziň halklarymyzy baglanyşdyrýan dostlugyň we özara hormat goýmagyň oňyn däplerine daýanyp, bize geçen onýyllyklarda döwletara gatnaşyklary strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarmak başartdy. Syýasy, söwda-ykdysady, energetika, ynsanperwer hem-de beýleki birnäçe ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk depginli ösdürilýär. Bilelikdäki tagallalarymyz arkaly rus-türkmen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ähli ugurlarda mundan beýläk-de ösdürilmegini üpjün etjekdigimize ynanýaryn» diýip, Wladimir Putin hatynda türkmen kärdeşine berk jan saglyk hem-de üstünlik, Türkmenistanyň ähli raýatlaryna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......