Silc Sonic “Ýylyň aýdymy” nominasiýasynda Grammy baýragyny aldy

  • 05.04.2022 05:49
  • 3.8k+

Silc Sonic rep-duet tarapyndan ýerine ýetirilen “Leave The Door Open” kompozisiýasy “Ýylyň aýdymy” kategoriýasynda Grammy aýdym-saz baýragyna mynasyp boldy. Bu barada baýragyň gowşurylyş dabarasynda yglan edildi. Ol CBS teleýaýlymynda ýaýlyma goýberildi diýip, TASS habar berýär.

Bu nominasiýada ýeňiş üçin şu aýdymlar hem dalaş etdi: britaniýaly Ed Şiranyň ýerine ýetirmeginde “Bad Habits”, Alişa Kis bilen Brendi Karlaýl – “A Beautiful Noise”, Billi Aýliş – “Happier Than Ever”, Doja Ket bilen Sza – “Kiss Me More”. Bu kategoriýada “Montero” aýdymy bilen repçi Lil Nas X, “Peaches” kompozisiýasy bilen Jastin Biber, Dezmann Ewans (Giveon) we Eşton Simmonds (Daniel Caesar) hem-de “Right on time” aýdymy bilen Brendi Karlaýl hem görkezildi.

64-nji Grammy dabarasy koronawirus pandemiýasy başlany bäri ilkinji gezek doly formatda geçirildi, bassyr ikinji ýyl onuň alypbaryjysy günorta afrikaly komik, aktýor we telealypbaryjy Trewor Noa boldy. Şu ýyl guramaçylar baýrak gowşurylyş dabarasyny Las-Wegasdaky MGM Grand Garden Arena-da geçirmek kararyna geldiler. Dürli wagtda dabara ABŞ-nyň dürli şäherinde geçirildi: Los-Anjeles, Nýu-Ýork, Çikago we Neşwill. 

11.06.2026 13:03
7.3k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.8k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....