Aleksandr Wuçiç Serbiýanyň Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy

  • 04.04.2022 17:10
  • 6.2k+

Serbiýanyň häzirki Prezidenti Aleksandr Wuçiç Serbiýanyň Prezident saýlawlarynyň birinji tapgyrynda 59,55% netije bilen ýeňiş gazandy. Muňa Serbiýanyň Respublikan saýlaw toparynyň (RST) resmi maglumatlary şaýatlyk edýär. Bu maglumatlar sesleriň 90%-i sanalandan soň, duşenbe güni neşir edildi.

RST-niň maglumatlaryna görä, býulletenleriň 90,71%-i sanalandan soň, Wuçiç 59,55% ses bilen ýeňiş gazanýar, ikinji orunda Serbiýanyň Baş ştabynyň öňki ýolbaşçysy Zdrawko Ponoş (17,53%), üçünji orunda Miloş Ýowanowiç (5,82%) ýerleşdi.
Beýleki netijeler — Boşko Obradowiç (4,42%), Milisa Jurjewiç-Stamenkowski (4,31%), Bilýana Stoýkowiç (3,04%), Branka Stamenkowiç (2,02%), Mişa Wasiç (0,89%).


07.04.2026 21:02
2.3k+

Wýetnamda täze premýer-ministr saýlandy

Wýetnamyň premýer-ministri wezipesini ýurduň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň sekretary we partiýanyň Merkezi guramaçylyk komitetiniň başlygy Le Min Hyng eýeledi. Ol 16-njy çagyrylyşyň Milli......

01.04.2026 19:38
6.8k+

Türkmenistanda 29-njy martda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi we onda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi, tassyklandy we gutarnykly......

16.03.2026 14:21
2.7k+

Gazagystanda täze Konstitusiýa boýunça geçirilen referendumyň deslapky netijeleri mälim edildi

Gazagystan Respublikasynyň Merkezi referendum komissiýasy ýurduň täze Konstitusiýasyny kabul etmek boýunça geçirilen ses berişligiň deslapky netijelerini yglan etdi. Bu barada Tengrinews.kz neşiri habar berýär...

12.03.2026 11:32
2.6k+

Hose Antonio Kast Çiliniň prezidenti wezipesine girişdi

Hose Antonio Kast resmi taýdan Çiliniň prezidenti wezipesine girişdi. Walparaiso şäherindäki Kongres binasynda geçirilen kasam kabul ediş dabarasy Meganoticias teleýaýlymy arkaly göni efirde görkezildi. Täze prezident...