Serbiýada prezident we mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary geçirilýär

  • 03.04.2022 16:03
  • 2.9k+

Şu gün, 3-nji aprelde Serbiýada nobatdaky prezident saýlawlary we mejlisiň deputatlarynyň nobatdan daşary saýlary geçirilýär. Şol bir wagtda Belgradda, şeýle hem Aranjelowas, Smederewska-Palanka, Luçani, Medweja, Knýažewas, Baina-Başta, Dolewas, Kula, Kladowo, Maýdanpek, Seçan we Sewoýno munisipalitetlerinde ýerli saýlawlar geçýär diýip, Serbiýanyň Respublikan saýlaw topary habar berdi. 

Şeýlelikde, saýlawçylar sekiz dalaşgäriň içinden ýakyn bäş ýylyň dowamynda ýurda baştutanlyk etmäge mynasyp dalaşgäri, şeýle hem dört ýyllyk möhlet bilen Halk skupşinasynyň (mejlisiniň), Belgradyň şäher maslahatynyň we 12 munisipalitetiň deputatlaryny saýlamaly bolarlar.

Ses berişlige ýurduň ses bermäge hukugy bolan 6 502 307 raýaty gatnaşyp biler. Saýlaw uçastoklary ýerli wagt bilen 07:00 (10:00 aşg) açylyp, 20:00-da (23:00 aşg) ýapylar.

Respublikanyň saýlaw toparynyň habar bermegine görä, Serbiýada we daşary ýurtlarda jemi 8 255 saýlaw uçastogy, şol sanda Russiýanyň çäginde iki saýlaw uçastogy açylar. Doly ykrar edilmedik Kosowanyň häkimiýetiniň demarşy sebäpli, Kosowo awtonom serb ülkesiniň we Metohiýanyň çäginde ilkinji gezek prezident saýlawlarynda we mejlisiň deputatlarynyň saýlawlarynda ses bermek çäresi geçirilmez. Kosowodaky serbler öz konstitusion saýlaw hukugyndan peýdalanmak üçin Merkezi Serbiýa gitmäge mejbur bolarlar.

Saýlawlaryň netijeleri saýlaw uçastoklary ýapylandan soň,  96 sagadyň dowamynda, ýagny 7-nji aprelde  moskwa wagty bilen sagat 23:00-da Resbuplikan saýlaw topary tarapyndan yglan edilmeli.  


01.04.2026 19:38
6.3k+

Türkmenistanda 29-njy martda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi we onda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi, tassyklandy we gutarnykly......

16.03.2026 14:21
2.7k+

Gazagystanda täze Konstitusiýa boýunça geçirilen referendumyň deslapky netijeleri mälim edildi

Gazagystan Respublikasynyň Merkezi referendum komissiýasy ýurduň täze Konstitusiýasyny kabul etmek boýunça geçirilen ses berişligiň deslapky netijelerini yglan etdi. Bu barada Tengrinews.kz neşiri habar berýär...

12.03.2026 11:32
2.6k+

Hose Antonio Kast Çiliniň prezidenti wezipesine girişdi

Hose Antonio Kast resmi taýdan Çiliniň prezidenti wezipesine girişdi. Walparaiso şäherindäki Kongres binasynda geçirilen kasam kabul ediş dabarasy Meganoticias teleýaýlymy arkaly göni efirde görkezildi. Täze prezident...

05.03.2026 05:58
6k+

Türkmenistanda saýlawçylar bilen dalaşgärleriň duşuşyklaryna badalga berildi

2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işleri işjeň dowam edýär. Häzirki wagtda ýurduň ähli künjeklerinde dalaşgärleriň we olaryň ynanylan wekilleriniň saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirilýär...