Dubaýda “Ekspo-2020” halkara sergisi işini tamamlady

  • 01.04.2022 11:44
  • 8.7k+

Penşenbe güni agşam Dubaýda konsert bilen “Ekspo-2020” halkara sergisi öz işini tamamlady. Birleşen Arap Emirliklerinde adata öwrülen tehnologiki pirotehniki şüweleň bilen utgaşan arap koloriti bilen sahnadaky sagany diňe zaldaky müňlerçe myhman däl, eýsem internetde göni ýaýlymyň üsti bilen tutuş dünýädäki millionlarça adam görüp bildi diýip, TASS habar berýär.

“182 gün... 192 ýurt... millionlarça myhman... “Ekspo” bilen hoşlaşýarys. Biz adamzat üçin iň kyn döwürde dünýäni iň uly waka ýygnadyk. Biz wada berdik we ýerine ýetirdik; biz edýän zatlarymyzy aýdýarys we aýdýan zatlarymyz edýäris. Hudaý ýol berse, uly işler heniz öňde” – diýip, Dubaýyň häkimi, BAE-niň wise-prezidenti we premýer-ministri Muhammed ben Raşid Al Maktum “Twitterde” ýazdy. Dubaýdaky serginiň guramaçylaryna öňde goýlan wezipäni ýerine ýetirmek we oňa 23 milliondan gowrak myhmany çekmek başartdy.

Ýapylyş dabarasynda ýaňlanan audio ýüzlenmede şeýh Muhammediň belleýşi ýaly, “Ekspo-2020” – bu soňy däl, bu täze başlangyç”. “Biz dünýä jemgyýetiň her bir wekiliniň ýüregine we aňyna täsir eden oýlap tapyjylygyň başga bir görnüşini hödürledik. Biziň ogullarymyz we gyzlarymyz görlüp-eşidilmedik kynçylyklary we synaglary ýeňip geçmek ukyplaryny subut etdiler we bu syýahatyň her bir pursatynda biz BAE-niň gymmatlyklaryny – söýgi we myhmansöýerlik gymmatlyklaryny görkezdik” – diýip, ol aýtdy.

Emirlikler bu sergä 2013-nji ýylda Dubaýyň serginiň geçiriljek ýeri hökmünde saýlanan wagtyndan bäri pandemiýaly 2020-nji ýyly goşmak bilen sekiz ýyl taýýarlyk gördüler. Sergi 2020-nji ýyldan bir ýyl yza süýşürildi, ýöne onuň tegelek adyny saklamak kararyna gelindi. Infrastrukturanyň döredilmegine 7 mlrd dollardan gowrak maýa goýuldy, taýýarlyk üçin 240 mln sagat sarp edildi. 

Indiki “Ekspo-2025” halkara sergisi Osakada geçiriler – ýaponiýaly wekillere çäräniň baýdagy dabara bilen gowşuryldy. Dubaý sergisiniň iň soňky gatnaşyjylary ony terk edenlerinden we pawilýonlaryň bir bölegi aýrylandan soň, bu ýer iş merkezine we futuristik syýahatçylyk kwartalyna öwrüler. Nagyşly gümmez we asmanda ganat kakýan laçynyň şekilindäki BAE-niň pawilýony bolsa bu ýeriň merkezi bolup galar.  


29.04.2026 16:01
2.1k+

BAE OPEK we OPEK+ nebit bileleşiginden çykýar

Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) 1-nji maýdan başlap, OPEK we OPEK+ bileleşiginden çykýar diýip, Reuters habar berýär....

25.04.2026 16:03
3.5k+

Türkmenistanyň BAE-däki ilçisi Kuweýtde-de ilçi bellenildi

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (BAE) Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Baýram Akmyradowiç Baýramow, şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Kuweýt Döwletindäki ilçisi wezipesine bellenildi....

05.02.2026 13:15
2.5k+

Raşid Meredow BAE-niň wise-prezidenti bilen bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdy

4-nji fewralda Abu-Dabide Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy...

04.02.2026 13:14
1.8k+

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy BAE-däki kärdeşi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek barada maslahatlaşdy

3-nji fewralda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Dubaýa saparynyň çäklerinde Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşyk geçirdi...