Ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna gurluşyk-önümçilik maksatly ýer bölekleri berler

  • 01.04.2022 10:54
  • 18k+

31-nji martda geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, häkimliklere hem-de olaryň garamagyndaky edara-kärhanalara gurluşyk hem-de önümçilik maksatlary üçin jemi 10 müň 545,22 gektar ýer böleklerini hemişelik we wagtlaýyn peýdalanmaga bermek boýunça işlenip taýýarlanylan teklipler hödürlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalygyndaky özgertmeleri işjeňleşdirmegiň, hojalygy dolandyrmagyň täze, netijeli usullaryny ornaşdyrmagyň, telekeçilik başlangyçlaryny höweslendirmegiň zerurdygyny belläp, hödürlenen teklipleri makullady hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri toplumlaýyn esasda dowam etmek boýunça wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.


19.06.2026 10:10
3.3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.9k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......