1-nji aprel: Türkmenistanda howa +26° çenli maýlaýar

  • 01.04.2022 07:28
  • 3017
1-nji aprel: Türkmenistanda howa +26°  çenli maýlaýar

TmCars.info Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň 1-nji aprelinde ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatyny siziň dykgatyňyza ýetirýär.

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda       7 — 9 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +10... +12°, gündizine +20... +22°maýyl bolar. Howanyň basyşy 742 mm, çyglylygy 25 — 45%.
Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 6-8 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +9... +11°, gündizine +19... +21° maýyl bolar. Howanyň basyşy 714 mm, çyglylygy 30-50%.

Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +6... +11°, gündizine +19... +24°, kenarýaka etraplarynda +9... +14° maýyl bolar.
Türkmenbaşy şäherinde: howa +12... +14°, basyşy 757 mm, çyglylygy 30 — 50%.
Awazada: howa +11... +13°, basyşy 765 mm, çyglylygy 35 — 55%.
Balkanabat şäherinde: howa +21... +23°, basyşy 766 mm, çyglylygy 25 — 45%.

Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +8... +13°, gündizine +19... +24° maýyl bolar.
Änew şäherinde: howa +21... +23°, basyşy 747 mm, çyglylygy 30 — 50%.
Tejen şäherinde: howa +22... +24°, basyşy 749 mm, çyglylygy 25 — 45%.

Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +7... +12°, gündizine +20... +25° maýyl bolar.
Mary şäherinde: howa +22... +24°, basyşy 746 mm, çyglylygy 15 — 35%.
Baýramaly şäherinde: howa +23... +25°, basyşy 745 mm, çyglylygy 10 — 30%.

Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +6... +11°, gündizine +21... +26° maýyl bolar.
Türkmenabat şäherinde: howa +22... +24°, basyşy 748 mm, çyglylygy 15 — 35%.
Kerki şäherinde: howa +24... +26°, basyşy 744 mm, çyglylygy 10 — 30%.

Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +5... +10°, gündizine +18... +23° maýyl bolar.
Daşoguz şäherinde: howa +20... +22°, basyşy 758 mm, çyglylygy 15 — 35%.
Köneürgenç şäherinde: howa +19... +21°, basyşy 760 mm, çyglylygy 20 — 40%.


düýn 17:36
24472

Fewralyň ilkinji günleri Türkmenistanda ýagyşly, ýöne maýyl bolar

Fewral aýynyň ilkinji günlerinde Türkmenistanda maýyl, emma ýagyşly howa bolar. Ýurdumyzyň sebitlerinde +19 gradusa çenli gyzar. Bu barada Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa...

30.01.2023 15:34
37174

Turkish Airlines Türkmenbaşy-Stambul gatnawlarynyň peteklerini arzanlatdy

Turkish Airlines awiakompaniýasy Türkmenbaşy — Stambul — Türkmenbaşy ugry boýunça gatnawlarynyň petekleriniň bahasyny arzanlatdy. Atavatan Türkmenistan neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, gidiş-geliş petegini...

29.01.2023 15:38
34429

Türkmenistanyň käbir ýerlerinde howa +20 gradusa çenli maýlar

Türkmenistanda uzaga çeken adatdan daşary aýazly howa geljek hepdede gowşar. Ýurdumyzyň käbir ýerlerinde +20 gradusa çenli maýyl bolar diýip, «Meteožurnal» neşiri ýazýar. Howanyň maýlamagy sowuk howa akymynyň Alynky...

28.01.2023 08:37
48762

«Türkmenhowaýollary» 1-nji fewraldan halkara gatnawlarynyň tertibini neşir etdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy resmi saýtynda halkara howa gatnawlarynyň 2023-nji ýylyň 1-nji fewralyndan hereket edýän ugurlaryny we rejesini neşir etdi. Gatnawlar Aşgabat halkara howa menzilinden amala aşyrylar...