Cathay Pacific awiakompaniýasy dünýäde iň uzyn ugry açar

  • 30.03.2022 17:27
  • 20k+

Gonkongyň Cathay Pacific awiakompaniýasy Russiýanyň howa giňişliginden aýlanyp geçip, Nýu-Ýork – Gonkong ugry boýunça gonuşsyz uçuşlary amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu hem dünýädäki iň uzyn awiaugur bolar. Bu barada awiakompaniýanyň resminamalaryna salgylanyp, Bloomberg agentligi habar berýär. Muny TASS ýetirýär.

Adatça, Cathay Pacific uçarlary Russiýanyň howa giňişligine girip, Arktikanyň üsti bilen uçýardylar. Ýöne Russiýa garşy günbatar sanksiýalary sebäpli Aziýa ýurtlarynyň birnäçe awiakompaniýasy Russiýanyň çäginden uçmakdan saklanýarlar.

Nýu-Ýorkdan Gonkonga uçulanda Cathay Pacific laýnerleri, takmynan, 17 sagadyň dowamynda 16 618 km aralygy geçerler. Häzirki wagtda Singapurdan Nýu-Ýorka gonuşsyz uçuş (15 349 km) uzynlygy boýunça rekordly ugur hasaplanýar diýip, Bloomberg belleýär. 

Cathay Pacific-iň wekili bu ugurda Airbus A-350-1000 awialaýnerleriniň ulanyljakdygyny habar berdi.

şu gün 19:31
78

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

şu gün 15:52
4.6k+

Pekinde ýeňil uçar iň beýik gökdirän binany baryp urdy

Ýeňil motorly sport uçary Pekiniň iň beýik binasy bolan China Zun (Çaýna-Szun) binasyna uruldy. Bu wakadan soň bina doly ewakuasiýa edildi diýip, «South China Morning Post» neşiri habar berýär....

şu gün 12:00
2.5k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

şu gün 11:31
1.1k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....