Braziliýada ýaşaýyş jaý töleglerini bitkoinde amala aşymaga rugsat berler

  • 30.03.2022 16:12
  • 5.5k+

Braziliýanyň bir şäherinde ýaşaýyş jaýy üçin hasaplaşyklary bitkoinde geçirmäge rugsat berler — raýatlar şäheriň gozgalmaýan emlägine salgydy kriptowalýutada töläp bilerler. Şeýle karara Rio-de-Žaneýronyň häkimiýeti geldi, degişli düzedişler kanunçylyga 2023-nji ýylda giriziler diýip, ýolbaşçylygyň press-relizinde habar berilýär.

Kriptowalýutany brazil realyna konwertasiýa etmeklik bilen ýöriteleşdirilen kompaniýa meşgullanar, haýsy kompaniýadygy heniz anyk aýdylanok. Şeýlelikde, häkimlik balansynda sanly aktiwleri saklamaz. Şäheriň ýolbaşçylygynyň wekili Pedro Paulonyň sözlerine görä, geljekde beýleki hyzmatlary hem, meselem, taksi üçin bitkoinde tölemäge mümkinçilik dörär. Rio şäheri Braziliýada kriptowalýutada umumy kabul edilen tölegleri geçirmäge başlajak ilkinji şäher bolar. Mundan başga-da, Rionyň häkimiýeti Kriptoinwestisiýalar boýunça munisipal komitetiň dörediljekdigini mälim etdi. Bu komitet sanly aktiwleriň ekoulgamyna goýulýan potensial inwestisiýalaryň töwekgelçiliklerine we girdejilerine baha bermek bilen meşgullanar. Şeýle-de, şäheriň ýolbaşçylygy unikal tokenler sektorynyň (NFT) ösüşine bagyşlanan pikir aýdyşmalary geçirmegi göz öňünde tutýar. Şeýle çäreleriň birinde şo taýdaky gözel ýerleriň şekili siňdirilen NFT-ni ulanyşa goýbermek barada häkimligiň teklibini ara alyp maslahatlaşarlar.    


18.10.2025 22:51
5.2k+

Bitkoin 105 müň dollardan aşak düşüp, maýadarlary millionlarça dollardan mahrum etdi

Bitkoin birden arzanlap, iýun aýyndan bäri ilkinji gezek 104 müň dollardan aşak düşüp, 103 790 dollar görkezijisine ýetdi. Şol sebäpli biržalar bir günde treýderleriň 1,2 mlrd dollarlyk şertnamalaryny awtomatik ýagdaýda ýapdy diýip, Bloomberg habar berýär...

16.10.2025 10:26
7.4k+

BYD San-Pauluda SkyRail "asman otlusyny" işe girizdi

Braziliýanyň iň uly şäherleriniň biri San-Paulu şäherinde Hytaýyň BYD kompaniýasynyň “SkyRail” atly “asman otlusy” işe girizildi diýip, MyDrivers neşiri habar berýär. Täze ulag ulgamy bir wagtyň özünde 616 ýolagçyny gatnadyp bilýär...

08.09.2025 10:52
1.2k+

Serdar Berdimuhamedow Braziliýanyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Luis Inasiu Lula da Silwa Braziliýa Federatiw Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi...

28.08.2025 15:09
4k+

Arabikany we robustany iň köp ösdürip ýetişdirýän ýurtlaryň reýtingi düzüldi

Kofe öndürýän ýurtlar kofe dänelerini hem içerki bazar, hem eksport üçin ösdürip ýetişdirýärler we gaýtadan işleýärler. Dünýäde kofeniň esasy görnüşleri - arabika we robusta bolup, olaryň ösdürilip ýetişdiriliş şertleri düýpgöter tapawutlanýar...