BMG planetanyň her bir ýaşaýjysyna adatdan daşary howa barada duýdurar

  • 29.03.2022 08:24
  • 14k+

Birleşen Milletler Guramasy (BMG) Ýer ýüzündäki her bir adama betbagtçylykly howa hadysalary barada duýdurmakçydygyny mälim etdi. BMG geljek bäş ýylyň dowamynda bu maksada ýetmek isleýär. Bu barada ferra.ru salgylanyp, Day.Az habar berýär.

Guramanyň wekilleriniň aýtmagyna görä, adam janlaryny halas etmek üçin irki duýduryş ulgamlary gyssagly zerurdyr, sebäbi klimatyň üýtgemegi adatdan daşary howa hadysalaryny ýygy-ýygydan ýüze çykarýar. Öňünden duýdurma adamlara tupanlaryň, suw joşmalarynyň, yssy tolkunlaryň we gurakçylygyň öňünden seresaplylyk çärelerini görmäge mümkinçilik berer. Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň (BMG) maglumatlaryna görä, dünýäde her üçünji adam häzire çenli öňünden duýduryş ulgamlaryna elýeterli däl.

Bütindünýä Meteorologiýa Guramasy geljek bäş ýylyň dowamynda bu ulgamlara, aýratynam, zerurlygy ýokary bolan ýurtlarda, 1,5 mlrd dollar maýa goýmaga çagyrdy. 


şu gün 00:57
555

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

15.06.2026 15:47
10k+

Türkmenistanda howa ýagyşly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

11.06.2026 12:12
8.5k+

BMG howsala düşdi: Neýroulgamlar ähli suwy we energiýany gutarýar

BMG-niň Uniwersitetiniň Suw, daşky gurşaw we saglyk instituty (UNU-INWEH) emeli aň hem-de bulut tehnologiýalary senagatynyň ösüşiniň daşky gurşawa ýetirýän ekologik täsirlerini jikme-jik beýan edýän täze......

09.06.2026 15:05
10k+

BMG: Adamzadyň geljegi ummanyň ýagdaýyna bagly, umman bolsa goraga mätäç

Klimatyň, azyk howpsuzlygynyň we dünýä ykdysadyýetiniň gönüden-göni bagly bolan bütindünýä ummany barha artýan howplar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Eger halkara derejesinde utgaşdyrylan çäreler görülmese, onuň......