Serdar Berdimuhamedow Meksikanyň Prezidentini diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

  • 28.03.2022 09:40
  • 5.7k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Andres Manuel Lopes Obradora we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

«Biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga hem-de özara ynanyşmaga esaslanýar» diýip, döwlet Baştutany gutlag hatynda belledi we Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady hem-de ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde bilelikdäki tagallalaryň netijesinde halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.


düýn 22:17
1.4k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
4.3k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......