Roman Abramowiçiň türkleriň "Geztepe-sini" satyn almagy mümkin

  • 27.03.2022 21:56
  • 9.5k+

"Çelsiniň" eýesi Roman Abramowiçiň türk "Geztepe"-sini almagy mümkin diýip CNN Turk habar berýär. Çeşmäniň berýän habaryna görä, işewür klubuň eýesi Mehmet Sepil bilen gepleşikleri alyp barýar. Ýakyn wagtlarda Abramowiç bilen Sepiliň şahsy duşuşygy bolmaly.

"Geztepe" Türkiýäniň çempionatynda turnir tablisasynda 18-nji ýerde barýar. Topar 30 oýunda 27 utuk toplady. 26-njy fewralda Abramowiçiň kluba ýolbaşçylyk etmegi "Çelsiniň" haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlaryna geçirendigini ýatlalyň. 2-nji martda ol kluby satmak niýetiniň bardygyny mälim edipdi. Russiýanyň işewüri "aristokratlary" satmakdan 4 mlrd funt sterling (4,84 mlrd ýewro) gazanmak isleýär. 10-njy martda Beýik Britaniýanyň hökümeti Abramowiçe garşy sanksiýa girizipdi. Russiýaly işewüriň hususy serişdeleri, şol sanda futbol kluby blok edilipdi.


düýn 19:10
4.9k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
6.9k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.6k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.6k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....