«Mançester Siti» geçen möwsümde iň girdejili futbol kluby boldy

  • 27.03.2022 22:02
  • 6.4k+

Konsalting we audit ugrunda hyzmatlary hödürleýän Deloitte halkara kompaniýalar tory geçen möwsümde ýewropa klublarynyň girdejileri barada maliýe hasabatyny neşir etdi. Bu barada championat.com habar berýär.

Şeýlelikde, 2020/2021-möwsüminde Angliýanyň “Mançester Sitisi” iň köp girdeji gazanan futbol kluby boldy. Onuň girdejisi 644,9 mln ýewro barabar. Ikinji orny 640,7 mln ýewro girdeji bilen Madridiň “Realy” eýeledi. Liderleriň üçlügini 611,4 mln ýewro bilen Mýunheniň “Bawariýasy” jemleýär.

Iň köp girdeji gazanan futbol klublarynyň onlugy şeýle görnüşde:

  • “Mançester Siti” – 644,9 mln ýewro;
  • “Real” – 640,7 mln ýewro;
  • “Bawariýa” – 611,4 mln ýewro;
  • “Barselona” – 582,1 mln ýewro;
  • “Mançester Ýunaýted” – 558 mln ýewro;
  • “Pari Sen-Žermen” – 556,2 mln ýewro;
  • “Liwerpul” – 550,4 mln ýewro;
  • “Çelsi” – 493,1 mln ýewro;
  • “Ýuwentus” – 433,5 mln ýewro;
  • “Tottenhem” – 406,2 mln ýewro.

düýn 15:42
5.7k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
12k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

20.06.2026 14:48
12k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.9k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......