Maserati benzin bilen işleýän motorlardan doly ýüz öwürmekçi bolýar

  • 25.03.2022 14:46
  • 5.3k+

Maserati italýan kompaniýasy häzirki endik edilen, benzin bilen işleýän hereketlendirijilerden doly ýüz öwürmek isleýär diýip, autonews.ru habar berýär.

Häzirki wagtda Maserati (tutuş Fiat konserni ýaly) Stellantis konserniniň düzümine girýär we Stellantisiň ýolbaşçylary bireýýämden bäri elektriki ugra geçmek kararyna gelipdiler.  Maserati lýuks modellerini öndüriji hem mundan çetde galdyrylmaz.
2025-nji ýyla çenli Maseratiniň ähli modelleri elektriki wersiýa eýe bolar, 2030-njy ýyla çenli bolsa konweýerde adaty içerki ot alyşly hereketlendirijili ulag asla galmaz diýip çaklanylýar.
Maserati elektrikli hereketlendirijä geçjek lýuks awtoulaglarynyň ilkinji italýan brendi bolar.
Ilkinji bolup 2023-nji ýylda Gran Turismonyň kupe elektriki wersiýasynyň ikinji nesli peýda bolar. Ol Folgore (italýançadan terjime edilende "ýyldyrym" diýen manyny aňladýar) diýen belgini alar.
Gran Turismo Folgore birbada  kuwwaty 1200 at güýji töweregi bolan üç sany hereketlendirijini alar diýip garaşylýar.
2025-nji ýylda bolsa MC20 elektriki superkarynyň, şeýle hem Quattroporte Folgore we Levante Folgore elektrokarlarynyň görkezilişine garaşmak bolar.


29.05.2026 23:38
3.3k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.6k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.7k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.5k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......