Hakerler Microsoft-yň maglumatlaryny ogurladylar

  • 24.03.2022 01:33
  • 13k+

Lapsus$ toparynyň hakerleri Microsoft-yň serwerini döwendiklerini we birgiden maglumatlary ogurlandyklaryny mälim etdiler. Bu barada BleepingComputer neşiri habar berýär.

Žurnalistler toparyň telegram-kanalyna salgylanýarlar, ol
kompaniýanyň käbir taslamalarynyň başlangyç kody saklanýan Microsoft Azure DevOps serweriniň döwlendigini tassyklaýar.
Habarda korporasiýanyň Bing, Gortana we beýleki serwisleri hakyndaky maglumatlaryň ogurlanandygy barada aýdylýar. Şeýle-de, jenaýatçylar maglumatlarynyň göwrümi dokuz gigabaýt bolan arhiwi setiň açyk elýeterinde  goýupdyrlar.
Lapsus$-da kompaniýanyň 250 töweregi taslamasynyň başlangyç koduny paýlaşandyklaryny gürrüň berdiler.
Toparyň wekilleri jemi 37 gigabaýt töwerek maglumatyň ogurlanandygyny bellediler.
Howpsuzlyk meseleleri boýunça barlagçylar arhiwleri öwrenip, olaryň hakykatdan hem Microsoft-yň taslamalaryna degişli gizlin maglumaty saklaýandyklaryny tassykladylar. Korporasiýanyň wekilleri maglumatyň ýaýramagy bilen bagly žurnalistleriň beren sowallaryny tassyklamadylar, emma derňew geçirjekdiklerini mälim etdiler.


17.03.2026 20:39
711

Microsoft saglyk baradaky maglumatlary seljermek üçin Copilot Health hyzmatyny döretdi

Microsoft kompaniýasy täze Copilot Health hyzmatynyň işe girizilýändigini yglan etdi. Bu Copilot-yň içindäki goralan giňişlik bolup, onda ulgam ulanyjynyň saglygy baradaky maglumatlary seljerer we lukmançylyk maslahatlaryny berer...

23.02.2026 13:14
1.4k+

Microsoft-da Xbox oýun bölüminiň ýolbaşçysy çalyşýar

Microsoft kompaniýasynyň oýun bölüminiň (Microsoft Gaming) meşhur ýolbaşçysy Fil Spenser wezipesini tabşyrýar. Bu täzelik dünýäniň iň uly oýun ekoulgamlarynyň birinde täze döwrüň başlangyjyny aňladýar. Duşenbe gününden başlap, Microsoft Gaming-iň täze ýolbaşçysy wezipesine Aşa Şarma bellenildi...

14.02.2026 19:03
1.2k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.5k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...