Parižde geçirilen çärede türkmen milli gymmatlyklary görkezildi

  • 23.03.2022 16:55
  • 7.9k+

Halkara Nowruz güni mynasybetli BMG-niň Bilim, ylym, medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Parižde ýerleşýän ştab-kwartirasynda medeni çäre guraldy. Onda Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Hindistanyň, Pakistanyň, Eýranyň, Yragyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Owganystanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky wekilhanalary bilen birlikde, Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky ilçihanasy hem guramaçy hökmünde çykyş etdi.

BMG-niň Bilim, ylym, medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Baş direktory, ýurduň döwlet edaralarynyň we halkara guramalaryň wekilleri, diplomatlardyr žurnalistler çärä myhman hökmünde çagyryldy. Olar agzalan döwletleriň halklarynyň etnografiýa eserleriniň sergisine hem-de ýörite taýýarlanan konserte tomaşa edip, milli tagamlardan dadyp gördüler. Türkmenistanyň diwarlygynda el halylardyr milli lybaslar, şaý-sepler, şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleri görkezildi. 


düýn 10:55
5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

09.06.2026 23:10
2.3k+

Şäherleriň adam başyna düşýän kitaphanalaryň sany boýunça dünýä reýtingi düzüldi

Warşawa adam başyna düşýän jemgyýetçilik kitaphanalarynyň sany boýunça dünýäde birinji orny eýeledi. Bütindünýä şäher medeniýetleri forumynyň maglumatlaryna görä, Polşanyň paýtagtynda her 100 000 ýaşaýja 11,98......

08.06.2026 17:48
7k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 12:12
3.6k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......