Saudi Aramco-nyň arassa girdejisi 2021-nji ýylda 124% ýokarlandy

  • 22.03.2022 15:12
  • 4.7k+

Saud Arabystanynyň Saudi Aramco nebit kompaniýasynyň 2021-nji ýylda arassa girdejisi halkara maliýe hasabatynyň ülňüleri boýunça, ondan öňki ýyl bilen deňeşdirilende 124% ýokarlanyp, 110 mlrd dollara ýetdi. Bu barada kompaniýanyň beýannamasynda aýdylýar diýip, TASS habar berýär.

2021-nji ýylyň jemi boýunça operasion işden alnan arassa pul serişdesi bir ýyl ozalky 76,1 mlrd dollar bilen deňeşdirilende 139,4 mlrd dollar boldy. Erkin pul akymy 2020-nji ýyldaky 49,1 mlrd dollar bilen deňeşdirilende 107,5 mlrd dollar boldy. Saudi Aramco-nyň 2021-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli karz koeffisiýenti 14,2% boldy (2020-nji ýylyň ahyrynda 23%).

Şeýle-de, kompaniýa 2021-nji ýylyň dördünji çärýegi üçin paýdarlara 18,8 mlrd dollar möçberinde diwidend tölemek barada yglan etdi. 

Saudi Aramco-nyň beýannamasynda kompaniýanyň 2027-nji ýyla çenli nebit önümçiligini bir günde 13 mln barrele çenli ýokarlandyrmagy meýilleşdirýändigi, şeýle-de 2030-njy ýyla çenli tebigy gazyň önümçiligini 50% ýokarlandyrmak mümkinçiligini göz öňünde tutýandygy aýdylýar. Mundan başga-da, Saudi Aramco wodorod önümçiligini ösdürmegi we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine maýa goýmagy maksat edinýär.

Saudi Aramco-nyň baş müdiri Amin Nasser kompaniýanyň maliýe netijelerine ýokary baha berdi. “2021-nji ýyl COVID-19 pandemiýasy sebäpli tutuş dünýäniň başdan geçiren kynçylyklaryna we agyr şertlerine garamazdan, Saudi Aramco üçin maliýe we operasion netijeleri, başlangyçlar, gazanylan üstünlikler we geljek üçin maýa goýumlar nukdaýnazaryndan örän ähmiýetli boldy” – diýip, ol belledi.


13.03.2026 23:32
5.6k+

Türkmenistan «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrýar

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça çäreler hakyndaky Karara gol çekdi...

17.01.2026 08:47
5.1k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
3.8k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...

27.12.2025 13:07
11k+

2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyry başlanar

2026-njy ýylyň başynda Hytaýyň CNPC nebitgaz korporasiýasy Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga girişer. Bu barada "Nebit-Gaz" elektron neşiri habar berýär...