Garagum derýasynyň kenarynda Milli bahar baýramynyň dabaralary geçirildi

  • 22.03.2022 12:07
  • 5k+

21-nji martda Türkmenistanda türkmen halkynyň gadymy hem müdimi baýramy bolan Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz güni mynasybetli dabaralar geçirildi. Baýramçylyk dabaralary paýtagtymyzda, Garagum derýasynyň kenarynda guraldy.

Bu ýerde ak öýler dikilip, toý gazanlary ataryldy. Halkymyzyň ekerançylyk medeniýetinden, durmuşyndan söz açýan sergiler guraldy. Ýaşyl maýsalar, milli tagamlarymyz, şol sanda semeni Nowruz baýramynyň bezegine öwrüldi. Bu ýerde toý tagamlary, türkmen topragynyň  bereketli naz-nygmatlary hödür-kerem edildi.

Teatr artistleri halk döredijiligine, Gündogar ylmyna we edebiýatyna esaslanyp, täze güni wasp edýän çykyşlary ýerine ýetirdiler. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary has-da täsirli boldy. Ýaşlar hiňňildikde uçdular, küşt depip, gazal aýtdylar.

Türkmen milli göreşiniň we beýleki milli sport oýunlarynyň ýaryşlarydyr görkezme çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Merkezi sahnada ýurdumyzyň tanymal aýdymçylarynyň, tans we folklor toparlarynyň gatnaşmagynda taýýarlanan baýramçylyk konserti geçirildi.


19.06.2026 10:10
3.3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.9k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......