Eýranda ýerli senenama boýunça täze ýyl başlady

  • 21.03.2022 18:30
  • 9.2k+

Ýekşenbe güni Eýranda ýerli Gün senenamasy boýunça täze ýyl (Nowruz) başlady. Bu barada TASS habar berýär.

Eýran senenamasyna görä, 20-nji mart bilen gabat gelýän Esfand aýynyň 30-y ýylyň soňky güni bolup durýar. Ýöne Nowruzyň gelmegi astronomiki gözegçilikleriň esasynda sekuntyna çenli takyk hasaplanýar we ol täze Gün sikliniň başlanmagyna gabat gelýär. Şeýlelikde, bu ýyl Nowruz 20-nji martda 19 sagat 03 minut 26 sekuntda geldi. Bu fakt eýranlylara olaryň täze ýylynyň dünýäde iň takykdygyny öňe sürmäge mümkinçilik berýär. 
Bu günler Eýranyň ýaşaýjylary şäherleriň köçelerini bezeýärler. Tähranda baýramçylykdan birnäçe gün öň hasyllylygyň we täze durmuşyň başlanmagynyň adaty nyşany bolan uly bezelen ýumurtgalar peýda boldy. Mundan başga-da, şäherleriň köçelerinde baharyň we täze ýylyň habarçysy Hajy Firuzyň eşigini geýen adamlara duşmak bolýar. Ol gyzyl eşikde bolup, onuň ýüzi düýt bilen ýapylandyr.
Adaty bezegler eýranlylaryň öýlerinde hem peýda bolýar. Esasy nyşan baýramçylyk stoly “haft sin” hasaplanýar. Ol, adatça, sarymsak, alma, sirke, sumah, teňňe, bugdaý maýsalary we semene bilen bezelýär. 
Bu gün eýranly syýasatçylar we jemgyýetçilik işgärleri ýurduň ýaşaýjylaryny baýramçylyk bilen gutlaýarlar. 


14.03.2026 00:10
14k+

Türkmenistan Eýrana ynsanperwerlik kömegini iberer

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow goňşy Eýrana ynsanperwerlik kömegini ibermek hakyndaky Buýruga gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Yslam Respublikasyna iberiljek ynsanperwerlik ýüki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ugradylar...

05.03.2026 19:17
21k+

Raşid Meredow Eýranyň ilçihanasynda gynanç kitabyna ýazgy galdyrdy

2026-njy ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasyna bardy. Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Eýranyň Beýik ruhy Lideri Aýatolla Hameneýiniň aradan çykmagynyň hatyrasyna açylan gynanç kitabyna ýazgy galdyrdy...

27.02.2026 11:23
1.9k+

Arheologlar Eýranyň Kuzaran jülgesinde 5000 ýyllyk «býurokratiýa» arhiwini tapdylar

Eýranyň günbatarynda ýaşy takmynan 5000 ýyla deň bolan, 7000-den gowrak möhür yzyndan, žetonlardan we toýun heýkeljiklerden ybarat bolan täsin toplum tapyldy. Phys.org neşiriniň habar bermegine görä, bu gymmatlyklar Kuzaran jülgesindäki Tape-Týaline ýadygärliginde geçirilen barlaglar wagtynda ýüze çykaryldy...

16.01.2026 12:02
2.7k+

Eýranyň ilçisi we medeniýet geňeşçisi Türkmenistanyň dil öwreniş institutyna we Döwlet kitaphanasyna baryp gördüler

Eýran Yslam Respublikasynyň (EYR) Türkmenistandaky ilçisi Aly Mojtaba Ruzbehani we EYR-nyň medeniýet geňeşçisi Abdolreza Abbasi Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hem-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda duşuşyklar geçirdiler...