Finlýandiýa bassyr bäşinji gezek iň bagtly ýurt boldy

  • 19.03.2022 18:46
  • 10k+

Finlýandiýa bassyr bäşinji gezek dünýäde iň bagtly ýurt diýlip yglan edildi. Şeýle baha BMG-niň tabşyrygy boýunça taýýarlanan 2022-nji ýylyň Bütindünýä bagt hasabatynda saklanýar diýip, TASS habar berýär. 

Reýtingde Finlýandiýa geçen ýyllarda bolşy ýaly, beýleki döwletlerden birnäçe ýüz bal öňe geçdi. Iň bagtly ýurtlaryň bäşligine Daniýa, Islandiýa, Şweýsariýa we Niderlandlar girdi. Şeýle-de, ilkinji onlukda Lýuksemburg, Şwesiýa, Norwegiýa, Ysraýyl we Täze Zelandiýa bar.

Bu gözleg 146 döwleti öz içine aldy. Bütindünýä bagt hasabaty 2012-nji ýyldan bäri neşir edilýär. Ol düzülende gözlegçiler adam başyna düşýän JIÖ, sosial goldaw derejesi, ömür dowamlylygy, raýat azatlyklarynyň goralmagy, iş kepilligi, korrupsiýa derejesi, şeýle-de jemgyýetçilik pikir soraşmasynyň netijeleri ýaly görkezijileri göz öňünde tutýarlar.

Finlýandiýanyň ýaşaýjylary üçin bagt faktorlarynyň arasynda, esasan, tebigata ýakynlyk, ýaşamak üçin howpsuz gurşaw, zerur serwislere we hyzmatlara elýeterlilik bellenilýär.


31.05.2025 16:21
9.8k+

Finlýandiýada gadymy rus galasy 1 ýewro satyldy

Finlýandiýanyň Kotka şäherinde ýerli hökümet Senaatti-kiinteistöt döwlet kompaniýasyndan gadymy Kýuminlinna (Kýumenegorod) galasyny satyn aldy. Şertnamanyň bahasy simwoliki 1 ýewro boldy. Öňki eýesi çykdajysynyň aşa köpdügi sebäpli emlägi saklamakdan ýüz öwürdi diýip, RBK ýazýar...

22.03.2025 23:31
9.2k+

Finlýandiýa sekizinji gezek dünýäniň iň bagtly ýurdy hökmünde saýlandy

Finlýandiýa ýaşaýjylaryň bagtly bolmagynyň derejesine esaslanýan ýurtlaryň täzelenen reýtinginde yzygider sekizinji gezek birinji orny eýeledi. Bu BMG-niň tabşyrygy boýunça hünärmenler topary tarapyndan taýýarlanýan Bütindünýä...

03.11.2024 07:44
5.3k+

HMD ekrany ulaldylan täze Nokia 110 4G düwmeli telefonyny çykardy

HMD Global kompaniýasy täze Nokia 110 4G düwmeli telefonyny hödürledi. 2024-nji ýylyň modeli baradaky jikme-jiklikler öndürijiniň resmi web sahypasynda paýlaşyldy. Täze önüm diagonaly 1,77 dýuým bolan öňki modelleriň...

20.09.2024 23:46
20k+

Öý alanyňdan hem arzan: finlýandiýaly jübüt jaýyň ýerine ada satyn aldy

Finlýandiýaly 24 ýaşly Oliwer Rassell we 20 ýaşly Helena Tomaşewskaýa arzuw edýän jaýyny gurmak kararyna geldiler, ýöne adaty ýaşaýyş jaýynyň deregine has özboluşly çözgüt tapyp, ýaşalmaýan ada satyn aldylar. Bu...