Toyota ýertitreme sebäpli Ýaponiýada 18 önümçilik hatarynyň işini togtadar

  • 19.03.2022 18:45
  • 15k+

Ýaponiýada iň uly awtomobil öndüriji kompaniýa bolan Toyota Motor penşenbe gününe geçilýän gije bolup geçen güýçli ýertitreme sebäpli ýurduň içindäki 11 zawodynda 18 önümçilik hatarynyň işini togtatmak kararyna geldi. Bu barada korporasiýanyň saýtynda ýerleşdirilen beýannamada aýdylýar diýip, TASS habar berýär.

Bellenilişi ýaly, zawoda baglylykda togtadyş 21-nji martdan 23-nji mart aralygynda dowam eder.

7,3 bal ululykdaky ýertitreme Ýaponiýanyň demirgazyk-gündogarynda bolup geçdi. Soňrak ýerli seýsmologlar onuň ululygyny 7,4 bala çenli ýokarlandyrdylar. Onuň ýüze çykan ýeri Fukusima prefekturasyndan gündogarda Ýuwaş ummanda bolup, merkezi 60 km çuňlukda ýerleşýär. Ýertitreme ýurduň demirgazyk-gündogar kenarýakasy üçin sunami howpuny döretdi. Fukusima we Miýagi prefekturalarynyň kenarlaryna, takmynan, 20 sm beýiklikdäki tolkunlar ýetdi. 

Ýapon KHBS-i we ýurduň dürli prefekturalaryndan halasgärler ýertitremesi sebäpli üç adamyň aradan çykandygy we azyndan 222 adamyň zyýan çekendigi barada habar berdiler. Ýaponiýanyň premýer-ministri Fumio Kisida parlamentde çykyş etmek bilen, eýýäm dört adamyň ýertitremäniň pidasy bolup biljekdigini aýtdy. Tebigy betbagtçylyk elektrik energiýasynyň öçmegine, demir ýol gatnawlarynda bökdençliklere getirdi. Häzirki wagtda tebigy betbagtçylygyň netijelerini ýok etmek boýunça işler alnyp barylýar. 


düýn 09:57
5.2k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.6k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.4k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

12.06.2026 01:38
7.3k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......