Hindistanda Toyota Camry-nyň täze görnüşi – Sprint Edition hödürlendi

  • 21.08.2025 16:12
  • 9.4k+

Hindistanda 4,85 mln rupiýa (takmynan, 55,4 müň dollar) baha bilen täze Toyota Camry Sprint Edition hödürlendi. Bu görnüş Elegance wersiýasyna esaslanýar we goşmaça töleg talap etmeýär. Ulagyň tehniki taraplary öňküligine galdy, üýtgeşmeler diňe daşky görnüşe we interýeriň bezeg elementlerine degişlidir.

Model kuzowyň iki reňkli boýagyna eýe boldy: ýalpyldysyz gara kapot, üçek we bagaž ýeriniň gapagy. Şeýle-de, bampere üýtgeşmeler goşuldy, ykjam spoýler we 18 dýuýmlyk gara diskler oturdyldy.
Salona atmosfera yşyklandyryşy we proýeksiýa çyralary goşuldy. Galan enjamlar öňküligine galdy: 12,3 dýuým ekranly multimedia ulgamy, üç zolakly klimat-gözegçilik, JBL akustikasy we proýeksiýa displeýi.
Tehniki üýtgeşmeler ýok. Awtomobil 187 at güýjüni berýän 2,5 litrlik benzin hereketlendirijisi we elektrik hereketlendirijisi bilen gibrid ulgama eýe boldy. Umumy kuwwat 230 at güýjüne ýetýär. 100 km/sag çenli tizligi artdyrma 7,2 sekunt alýar.
Öndürijiniň maglumatlaryna görä, ýangyjyň sarp edilişi 25,4 km/l barabar, bu hem Camry-ny öz klasynda iň tygşytly sedanlaryň birine öwürýär.


düýn 21:15
2k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
5.9k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....