Eýran bahasy 10,5 müň dollar durýan öz elektromobillerini çykaryp başlady

  • 19.03.2022 17:39
  • 13k+

Eýranyň KSJ Motors kompaniýasy Oxygen ady bilen öz işläp taýýarlan, bahasy 10 müň dollarlyk elektromobillerini tanyşdyrmaga çykardy. Eýranyň söwda palatasynyň saýty: «Yzygiderli çykarmaklyga maý aýynda girişiler» diýip habar berýär.

Superkompaktly iki gapyly ulag daşky görnüşi boýunça Smart ForTwo bilen juda çalymdaş. Hatda olaryň uzynlygam birdeňräk — takmynan 2,5 metr. Eýran elektrokarynyň içki bölegi, däp bolan adaty görnüşde-de bolsa, ak bilen açyk gök reňkleriň adaty däl sazlaşygynda ýerine ýetirilendir.
Iki adama niýetlenen Oxygen 20-lik elektromotor bilen ýöreýär. Bir gezek zarýad berlenden soň, 220 kilometre çenli aralygy geçýär.
Şiraz şäherinde ýerleşen KSJ zawody ilkinji dokuz aýyň dowamynda 1000 sany elektrokar goýbermegi meýilleşdirýär. Zawod 2024-nji ýylyň martyna çenli doly kuwwatynda işlemäge başlap, ýylda 10 000 ulag goýbermäge başlar diýip çaklanylýar. Eksporta ugratmak boýunça hem meýilnamalar mälim edildi. Ulagyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşan Senegalyň ilçisi bu modele öz ýurdunda gyzyklanma bildirilýändigini nygtady.
Eýranlylar öz döreden «perzendini» dünýäde iň arzan elektromobil diýip agzaýarlar, ýöne bu beýle däl. Hytaýyň Wuling elektrokarlary öz ýurdunda ondan iki esse arzandyr. Şol bir wagtda olar dünýäde iň geçginli ulag hasaplanýar.


17.06.2026 10:28
1.4k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.9k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......